logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Mekdep okuwçylarynyň arasynda mental arifmetika boýunça bäsleşik geçiriler
  18.06.2024
649
Mekdep okuwçylarynyň arasynda mental arifmetika boýunça bäsleşik geçiriler

2024-nji ýylyň 24-25-nji iýunynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan mekdep okuwçylarynyň arasynda mental arifmetika boýunça bäsleşik geçiriler. Bäsleşik Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde guralar. 


Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna Türkmenistanyň dürli künjeklerinden saýlanan 110 sany zehinli 6-14 ýaşly okuwçy gatnaşar. Olar bäsleşigiň birinji gününde mental arifmetikanyň «Zehin senenamasyny hasaplamak», «Mental kwadrat kök (alty belgili) almak», «Ýatdan goşmak» we «Ýatdan köpeltmek (8x8)» görnüşleri boýunça başarnyklaryny görkezerler.


Bäsleşigiň ikinji gününde bolsa okuwçylar mental arifmetikanyň «Flash Anzan marafony» görnüşi boýunça ukyp-başarnyklaryny synaga goýarlar. Eminler topary bäsleşigiň jemlerini jemläp, ýeňijileri yglan eder. Ýeňijiler degişli diplomlar bilen sylaglanylar.