logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Science and Education /Mekdep okuwçylarynyň arasynda rus dili boýunça olimpiada yglan edildi!
  25.02.2023
3101
Mekdep okuwçylarynyň arasynda rus dili boýunça olimpiada yglan edildi!

Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň nazary we amaly bilimlerini berkitmek we kämilleşdirmek, olarda rus dilini öwrenmäge bolan höwesini artdyrmak maksady bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty orta mekdepleriň IX-XI synp okuwçylarynyň arasynda rus dili boýunça I olimpiadany yglan edýär! 

Olimpiada hasaba alnyşyk elektron poçtanyň üsti bilen amala aşyrylýar. Hasaba alnyşygyň iň soňky senesi mart aýynyň 13-ine sagat 18:00-a çenli bolar.

Ýurt derejesinde geçiriljek bu çärä gatnaşmak isleýän her bir mekdep okuwçysy hasaba alynmak üçin doldurylmaly maglumat nusgasyny institutyň resmi internet saýtyndan ýükläp alyp biler.

Olimpiadanyň I tapgyry 15.03.2023ý. senesinde rus dilinde düzme ýazmak görnüşinde geçiriler. Düzmäniň temasy şol senede sagat 14:00-da institutyň internet saýtynda yglan ediler. Gatnaşyja düzme ýazmak we ony elektron poçta arkaly Guramaçylyk toparyna ugratmak üçin 3 sagat wagt berilýär. 

I tapgyryň netijeleri we II tapgyra gatnaşjak talyplaryň sanawy hem 24.04.2023ý. senesinde ady agzalan ýokary okuw jaýynyň resmi internet saýtynda yglan ediler.

Olimpiadanyň II tapgyry 06.05.2023ý. senesinde sagat 10:00-da – Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň okuw binasynda Sanly bilim portalyna ýerleşdirilen test esasynda geçiriler 

Goşmaça maglumaty «datmddi.edu.tm» internet saýtyndan alyp bilersiňiz!