logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /Mekdep okuwçysy Maede Abbasowa Ýaşlar baýragynyň eýesi boldy
  18.11.2022
1195
Mekdep okuwçysy Maede Abbasowa Ýaşlar baýragynyň eýesi boldy

16-njy noýabrda, Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 31 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň öňdebaryjy ýaşlarynyň 75-sine Ýaşlar baýragy gowşuryldy. Bu hormatly baýraga mynasyp bolan ýaşlaryň arasynda Aşgabat şäheriniň 32-nji orta mekdebiniň okuwçysy Maede Abbasowa hem bar. Maeda Abbasowa bu baýraga soňky 3 ýylda gazanan üstünlikleriniň netijesinde mynasyp görüldi.

Belläp geçsek, Maede 2 ýyldan bäri sportuň ýaý atyjylyk sungaty bilen gyzyklanýar. Şeýle hem Maede bu ugurda Türkmenistanyň çäklerinde geçirilen ýaryşlarda birnäçe gezek baýrakly orunlara mynasyp boldy we geljekde halkara ýaryşlaryna gatnaşmagy özüne maksat edinýär.

Mundan başga-da Maede okuw derslerinden himiýa, fizika, matematika dersleri bilen giňişleýin gyzyklanýar. «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşigine fizika dersi boýunça yzygider gatnaşýar. Daşary ýurt dillerine-de ezberligi bolan bu ýaş zehin türkmen, iňlis, rus, pars we arap dillerinde ýazmaça we gepleşik başarnygy bar. Bu bolsa 17 ýaşly mekdep okuwçysynyň ukyp-başarnygyny açyp görkezýändigine şaýatlyk edýär. 

 

Kakageldi AKMYRADOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Surata düşüren: Hoşgeldi GARAJAÝEW.