logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Science and Education /Mekdep - terbiýe ojagy
  18.10.2023
1972
Mekdep - terbiýe ojagy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesilleriň kalbynda, olaryň päkize içki dünýäsinde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gymmatlyklaryna, onuň Garaşsyzlygyna, abadanlygyna, mähriban topragyna bolan söýgi, buýsanç duýgularyny ösdürmek mekdep mugallymlarynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Okuwçylary mähriban Watanymyza, ata-babalarymyzyň geçen edermenlikli, şöhratly durmuş ýoluna wepaly, Watançy ýaşlar edip terbiýelemekde Gahryman Alym Atamyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän, altyna gaplaýmaly ajaýyp eserleriniň ähmiýeti örän uludyr. Gahryman Arkadagymyzyň eserlerini biz her sapakda, sapakdan daşary geçirilýän terbiýeçilik çäklerinde we synp sagatlarynda giňden peýdalanýarys.

 

Ynsan bagtynyň ylymdadygyna oňat düşünen pederlerimiz ylym almak, bilimli bolmak baradaky nakyllary, atalar sözlerini öz nesillerine miras goýupdyrlar. “Paýhas çeşmesindäki” ylym almak, okamak baradaky “Bir okana, bir dokana” , “Okadym diýme, bildim diý” , “Bilimli ozar, bilimsiz tozar” – diýen ýaly nakyllary öwrenenlerinde bolsa okuwçylar ylym alaga, okamaga çynlakaý çemeleşýärler. Pederlerimziň ylymly-bilimli bolmaga eden pent nesihatlaryna wepaly bolup oňat okamaga çalyşýarlar.

 

Peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesilleriň ylymly, bilimli bolmaklary barada alyp barýan mukaddes we haýyrly işleri dowamata dowam bolsun! Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

 

Maral ORAZGULYÝEWA,

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň

21-nji orta mekdebiniň müdiriniň terbiýeçilik

işleri boýunça orunbasary.