logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Mekdepler barada
  24.03.2024
1100
Mekdepler barada

Bilim bu durmuşymyzyň iň esasy gurallarynyň biridir. Bilim bermegi kämilleşdirmek bilim alýanlaryň daşky gurşawy, okuw otaglary ýagny mekdepler bilen gönüden-göni bagly bolýar. Biz siziň üçin taryhda ilkinji döredilen mekdepler barada gyzykly maglumatlary topladyk. 

 

Taryhda ilkinji dörän mekdep bu musulmanlaryň Kraun Fese mekdebidir. Ol häzirki Palestinada 859-njy ýylda döredilipdir. Ol mekdebe esasan hem oglan çagalar köp gatnapdyrlar. Mekdep dini mekdep bolandan soň çagalara esasan mollalar mugallymçylyk edipdirler. Kitaplaryň ýetmezçilik edenligi, gymmat bolanlygy üçin kitaplar elde ýazlyp okuwçylara berlipdir. 

 

Ruslarda 988-nji ýylda şuňa meňzeş mekdepler knýaz Wladimiriň döwründe döredilipdir. Ol mekdeplerde esasan ylym öwredilipdir. Häzirki geografiýa, matematika, fizika ýaly derslerden okadylýan çagalar berk düzgün-nyzam bilen saklanylypdyr. 

 

Ilkinji gezek XVII asyrda ýaşap geçen çeh pedagogy Ýan Amos Komenski häzirki döwrebap mekdepleriň düýbüni tutujy hasaplanýar. Ol özi üçin ýönekeý, ýöne dünýämiz üçin bolsa ajaýyp bir açyşy edip gitdi. Onuň başyny tutmagy bilen dowamlylygy 45 minut bolan okuw sagatlary, her okuw sagadyndan soň çagalara dynç alyş wagtlary ýagny arakesmeler, şol bir ýaşdakylar üçin bir toparyň döredilmegi, olaryň ýörite taýýarlanan maksatnama esasynda şol bir dersleri okadylmagy ýola goýuldy. Komenskiniň pikirine görä okuwça bir temany özleşdirmek üçin 45 minut wagt berilmeli we öýe ýumuşlar tabşyrylmalydy.

                                                              

Bahargül JOMARDOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň 
Türkmenabat agrosenagat orta 
hünär okuw mekdebiniň talyby.