logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / In the world /Mekdepleriň ýanyndaky saglyga ýaramsyz iýmitleri satýan dükanlara rugsat berilmez!
  13.12.2022
1039
Mekdepleriň ýanyndaky saglyga ýaramsyz iýmitleri satýan dükanlara rugsat berilmez!

Gollandiýa hökümeti soňky döwürde çagalarda köp görülýän semizlik meselesine garşy göreşmek üçin mekdepleriň ýanynda saglyga ýaramsyz iýmit önümlerini satýan «tiz nahar restoranlaryna» indi rugsat bermez. Şeýle hem, hökümet çagalara gönükdirilen saglyga ýaramsyz iýmit önümleriniň mahabatyny çäklendirer we 18 ýaşa çenli çagalara niýetlenen mahabatlar gadagan ediler.

Gollandiýanyň Saglygy goraýyş we sport ministri, çagalaryň arasynda semizlik meselesiniň barha artýandygyny we häzirki wagtda Gollandiýadaky her 6 çaganyň biri aşa semizlikden ejir çekýändigini, käbir sebitlerde bu görkeziji 3 çagadan 1-inde görülýändigini belläp geçýär.

Mundan soň, Gollandiýa hökümeti jemgyýeti has sagdyn iýmitlenmäge, sport we maşk bilen meşgullanmaga höweslendirer. Ýurduň ähli ýerinde «sagdyn mekdep naharhanalarynyň» sany köpeldiler.

Şeýle hem Gollandiýa hökümeti ýurtda ýörite pyýadalar üçin we welosipedli ýollary döreder. Mekdepler sport klublary bilen hyzmatdaşlygy has-da berkider. Hökümet semizlik meselesi bolan adamlara has köp goldaw berer.  

 

 

Begendik ROZYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.