logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /MELE-MYSSYK ÇÖREKLER
  31.10.2019
1243
MELE-MYSSYK ÇÖREKLER

   Tejen etrabynyň gallaçylary Berkarar Döwletimiziň Bagtyýarlyk Döwründe “Türkmenistan rowaçlygyň Watany” ýylynda ekerançylyk meýdanlaryndan bitginli hasyl ýygnadylar. Olar шу йыл  43900 gektar meýdana däne ekip, 92 мüň tonnaдан говрак guş-gursak ak bugdaýy Watan harmanyna tabşyrmagy başardylar. Şunlukda Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň galla harmanyna mynasyp goşantlaryny goşdular. Munuň özi bolsa Tejen etrabynyň zähmetkeşleriniň Gahryman Arkadagymyza bolan buýsançlaryny artdyrdy.

          Muňa Tejen etrabyň galla kabul ediş kärhanasynyň işgärleri hem özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň özlerine sowgat eden dänäniň isripsiz saklanmagy üçin ýörite niýetlenen eleваtоrlardan netijeli peýdalanýarlar. Şol bir wagtyň özünde hem bu kärhanada ýokary hilli un öndürmek işlerine hem iňňän uly нетиjелер berilýär. Şonuň üçinem şu günler kärhananyň un öndürýän bölüminde bu işe ähmiýet berilýär. Munuň özi bolsa bazarlarda azyk bolçulygynyň döremegine-artmagyna dükanlaryň tekjelerini çörek hem-de çörek önümleriniň bezemegine iňňän uly täsirini ýetirýär.