logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /«Men seni söýýärin, Russiýa!» döredijilik bäsleşiginde türkmenistanly talyp ýeňiji boldy
  14.10.2022
1370
«Men seni söýýärin, Russiýa!» döredijilik bäsleşiginde türkmenistanly talyp ýeňiji boldy

10-njy oktýabrda, Russiýa Federasiýasynyň Stawropol şäherinde «Kawkaz-Hazar-Gündogar» atly halkara forumy geçirildi. Forum - daşary ýurt raýatlaryny taýýarlamak we Merkezi Aziýa, Kawkaz we Ýakyn Gündogar ýurtlarynda rus dilini ösdürmek, öňdebaryjy tejribeleri alyşmak maksady bilen her ýyl dürli şäherlerde geçirilýär.

Stawropol şäherinde geçirilen forum, dünýäniň 26 ýurdundan şol sanda Russiýanyň dürli şäherlerinden gelen 120-den gowrak talyby bir ýere jemledi. Şeýle hem foruma Russiýadaky we GDA agza ýurtlardaky 18-den gowrak ýokary okuw jaýlaryň wekilleri, Daşary işler ministrliginiň işgärleri, birnäçe pudaklaryň ýolbaşçylary we beýlekiler gatnaşdylar.

Aýratyn bellemeli zatlaryň biri hem, forumyň çäklerinde geçirilen «Men seni söýýärin, Russiýa!» atly döredijilik bäsleşiginiň «Çeper söz» ugry boýunça Dagystan döwlet uniwersitetiniň türkmenistanly talyby Aýnur Nazarowa 1-nji orna mynasyp boldy. Ýeňijä hormat haty we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.