logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Society /Merdana türkmen Alabaýy
  12.11.2021
662
Merdana türkmen Alabaýy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen alabaýlarynyň şan-şöhraty barha dabaralanýar. Ýurdumyzda giňden bellenilen Watan goragçylarynyň gününde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň «Türkmen alabaý» tohumly itleri köpeldiş we kämilleşdiriş merkeziniň täze binalar toplumynyň dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berilmegi munuň nobatdaky subutnamasydyr.

Mälim bolşy ýaly, türkmen alabaýy halkymyzyň mukaddes öý-ojagynyň ýa-da sürüsiniň wepaly goragçysy hökmünde ulanylman, olar Watan goragynda hem giňden peýdalanylýar. Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň alyp barýan işlerinde alabaý itleriniň ähmiýetini hiç bir zat deňäp bolmaýar. Olar serhetçiler bilen gije-gündiz serhet tabşyryklaryna gatnap, Watanymyzyň serhediniň goragyny üpjün etmekde, gümrük nokatlarynda we Ýaragly Güýçlerimiziň harby bölümleriniň garawula gatnaýan şahsy düzümine garawul gullugyny alyp barmakda ýakyn ýardamçydyrlar. Umuman, alabaý itleri merdana Watan goragçylarymyza köptaraplaýyn wepaly kömekçi bolup hyzmat edýär. Hut şonuň üçin-de, türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek babatynda uly aladalar edilýär.

Täze merkeziň açylmagy merdana ýurt goragçylaryna baýramçylyk sowgady boldy. Merkeziň açylyş dabarasynyň dowamynda Watanymyza şöhrat getiren alabaýlaryň hem-de olaryň esbaplarynyň görkezme sergisi guraldy. Sergide hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň merdana serhetçilere sowgat beren 7 sany türkmen alabaý itleri hem görkezildi. Olar degişli tälimleri geçip, häzirki wagtda döwlet serhedimiziň goragynda netijeli peýdalanylýar.

Merkeziň gurluşy barada aýdylanda, onuň weterinariýa binasynda alabaý itlerine lukmançylyk hyzmatlary edilse, köpeldiş, uly we ýaş itleriň toplumlarynda, şeýle-de beýleki binalarynda alabaý itleriniň naýbaşy görnüşlerini saklamak, köpeltmek, ýetişdirmek, türgenleşdirmek üçin zerur şertler göz öňünde tutulypdyr. Şeýle-de, binalar toplumynyň düzüminde sport we itler üçin gezim meýdançalary, hojalyk maksatly binalar toplumy, okuw binasy we beýleki maksatly binalar hereket edýär.

Täze toplum serhet gullugynyň gurluşykçylary tarapyndan ata-babalarymyzdan gelýän milli binagärlik ýörelgelerimiz esasynda bina edilipdir.

Hawa, bu günki gün hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz aladalary bilen türkmen alabaýlarynyň sarpasy belende göterilýär. Bu bolsa mähriban halkymyz bilen bir hatarda, ýurt goragçylarynyň hem buýsançly başyny göge ýetirýär. Biz serhetçiler üçin şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri rowaç bolsun!