logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Merjen paýtagtymyzyň doganlaşan şäherleri
  28.05.2022
936
Merjen paýtagtymyzyň doganlaşan şäherleri

Tutuş dünýä ýüzünde durnukly ösüşi, parahatçylygy üpjün etmegiň möhüm gurallarynyň biri-de dost-doganlyk gatnaşyklary ýola goýmak we ony saklamakdyr. Paýtagtymyz Aşgabat hem bu ugurda dünýäniň ençeme şäherleri bilen dostana hem doganlyk gatnaşyklary saklaýar. Doganlaşan şäherler – halklaryň ýaşaýyş-durmuşy, medeni mirasy, taryhy we ugurlary bilen ýakyndan tanyşmak hem-de arabaglanyşygy açyp görkezmek maksady bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda bolýan şäherlerdir. Bu ugurda doganlaşan şäherleriň arasynda medeniýet-sungat çykyşlary, kino-teatr oýunlarynyň görkezilişi, ylym-bilim, sport ulgamy boýunça duşuşyklar yzygiderli gurnalýar. 1957-nji ýylyň 28-nji aprelinde doganlaşan şäherleriň Bütindünýä guramasy döredilip, ol Fransiýanyň Eks-le-Ben şäherinde ýerleşýär. 1962-nji ýylda bu guramanyň teklibi esasynda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde “Bütindünýä doganlaşan şäherleriň gününi” bellemeklik yglan edildi. Kämilligiň hem-de rowaçlygyň şäheri bolan Aşgabadyň hem dünýäniň dürli künjeginde doganlaşan şäherleri bolup, paýtagtymyz:

• 1974-nji ýylda Mali döwletiniň paýtagty Bomako şäheri bilen;
• 1990-njy ýylda ABŞ-nyň Albukerke şäheri bilen;
• 2017-nji ýylda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäheri bilen şeýle gatnaşyklary ýola goýdy.

Bular bilen birlikde, dürli ýyllarda ýola goýlan Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäheri, Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäheri, Türkiýäniň paýtagty Ankara şäheri, Hytaýyň Lançjou şäheri, Gresiýanyň paýtagty Afiny şäheri, Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäheri bilen doganlyk gatnaşyklary günsaýyn berkeýär. Häzirki döwürde daşary syýasatymyzyň ösdürilmegi netijesinde merjen şäherimiz Aşgabadyň doganlaşan şäherleriniň sany ýylsaýyn barha artýar. 

Türkmen oba hojalyk institutynyň ilkinji Ýaşlar 
guramasynyň başlygy, Nury ATAJANOW