logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /“Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi” duşuşygy geçiriler
  14.04.2024
587
“Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi” duşuşygy geçiriler

Şu ýylyň 15-nji aprelinde Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde “Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi” strategik dialogyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler. Bu duşuşyga Merkezi Aziýanyň – Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, geňeşe agza döwletleriň – Bahreýniň, Kataryň, Kuweýtiň, BAe-niň, Omanyň we Saud Arabystanynyň wekiliýetleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

 

 

Duşuşykda Merkezi Aziýa we Aýlagdaky arap döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň 2023-nji ýylyň 19-njy iýulynda Jidde şäherinde geçirilen döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitinde gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem syýasy, söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer we daşky gurşawy goramak boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşylar.

 


 

Mundan başga-da, 2025-nji ýylda Samarkant şäherinde geçiriljek “Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi” sammitine görülýän taýýarlyklar ara alnyp mashatlaşylar. Duşuşygyň jemleri boýunça bilelikdäki beýanatyň kabul edilmegine garaşylýar.

 

Merjen ÝAZMEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.