logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /«Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi
  19.04.2026
1308
«Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi

Moskwa şäherinde «Merkezi Aziýa – Russiýa» hyzmatdaşlyk formatynyň daşary işler ministrleriniň dokuzynjy duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi sahypasy habar berdi.

 

Duşuşygyň gün tertibine laýyklykda, gatnaşyjylar 2025-nji ýylda geçirilen ikinji sammitde kabul edilen 2025–2027-nji ýyllar üçin bilelikdäki hereketleriň Meýilnamasynyň ýerine ýetirilişini seljerdiler.

 

Taraplar halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşyp, aýratyn-da sebitleýin howpsuzlygy üpjün etmek we berkitmek ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Mundan başga-da, diplomatlar ykdysadyýet, energetika we ekologiýa ýaly möhüm pudaklarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýol-ugurlaryna aýratyn üns berdiler.

 

Duşuşyk, sebitleýin hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we ýurtlaryň arasynda özara düşünişmegi berkitmek babatda möhüm ädim hökmünde häsiýetlendirildi.