logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /Merkezi Aziýa ýurtlarynyň küştçüleri «Aşgabat 2025» halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş etdiler
  23.06.2025
1474
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň küştçüleri «Aşgabat 2025» halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş etdiler

“Aşgabat 2025” halkara küşt ýaryşynda Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň ýaş küştçüleri alty tapgyrdan soň öňdeligi eýelediler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Rapid we blis görnüşleri boýunça 11 ýurtdan 129 türgen (70 oglan, 59 gyz) gatnaşdy. Türkmenistanyň adyndan 81 türgen çykyş etdi.

 

Rapid görnüşindäki 6 tapgyrdan soň 8 ýaşly oglanlarda Çaryhekim Çaryýew (Türkmenistan) we Saýfudin Erkinboýew (Özbegistan), gyzlarda Zarina Larina (Özbegistan) öňdelik etdi.

 

10 ýaşly oglanlarda Maksat Öwlýäkulyýew (Türkmenistan) we Abdurahmon Rajabow (Özbegistan), gyzlardan Läle Wepaýewa (Türkmenistan) öňde bardy.

 

12 ýaşly oglanlarda Nurasyl Primbetow (Gazagystan) arassa ýeňiş gazandy, gyzlarda Dilber Hupbyýewa (Türkmenistan) öňdelik etdi.

 

Ýaryş 9 tapgyrda geçirilip, ýeňijiler soňky tapgyrlardan soň belli bolar. Ýaryş Türkmenistanyň Küşt federasiýasy we Sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan guraldy.

 

Gülçemen Parahadowa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.