Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan “TEIF 2025” forumynda maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrar ✦ ✦ Kiýewde Magtymguly muzeýiniň 50 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag strategiýalary: Halkara hyzmatdaşlygyň täze ugurlary
  22.03.2025
255
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag strategiýalary: Halkara hyzmatdaşlygyň täze ugurlary

Ýaňy ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahat geçirildi.

 

Maslahatyň “Merkezi we Günorta Aziýa sebitlerinde ulag arabaglanyşygy: ösüşiň taslamalary” atly mejlisinde, halkara ulag düzüminiň köpugurly we howpsuz bolmagynyň ählumumy durnukly ösüş üçin möhüm şertleriň biri bolup durýandygy nygtaldy. Türkmenistanyñ Aziýa bilen Ýewropanyň çatrygynda, Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşýändigi bellenilip, ýurduň gysga wagtda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde, abraýly guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda uly tejribe toplandygy nygtaldy. Logistikanyň we diwersifikasiýanyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändigi, ulag-aragatnaşyk strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, Türkmenistanyň sebitde hem-de halkara derejesinde möhüm ulag-logistika merkezi hökmünde ornuny barha pugtalandyrýandygy aýratyn bellenildi.

 

Şeýle hem, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynda 26-njy noýabryň “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasy hökmünde görkezildi.

 

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň bu ugurda öňe süren sebit we halkara başlangyçlary Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebitinde üstaşyr ulag hem-de logistika ulgamlarynyň ösdürilmegine uly itergi berdi. 2024-nji ýylyň sentýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesinde türkmen-owgan serhedindäki 177 metr uzynlygy bolan demir ýol köprüsiniň açylyp ulanylmaga berilmegi, Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşygyna badalga berilmegi, “Turgundy” demir ýol bekedindäki «gury portda» ammarlar toplumynyň gurulmagy hem-de Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň gurluşygyna girişilmegi ulag ulgamynda alnyp barylýan işleriň yzygiderliligini görkezýär.

 

Türkmenistan ulag-kommunikasiýa ulgamynda infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek we täze geoykdysady platformalary döretmek arkaly ählumumy ösüşiň häzirki zaman meýillerine laýyk gelýän başlangyçlary öňe sürýär.

 

Meňli HOJAMUHAMMEDOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.