logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň Forumyny Mary şäherinde geçirmek teklip edildi!
  20.05.2023
988
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň Forumyny Mary şäherinde geçirmek teklip edildi!

Arkadagly Serdarymyz Hytaýyň Sian şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Hytaý» birinji sammitinde eden çykyşynda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň Forumyny Mary şäherinde geçirmegi teklip etdi.

«Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň halklarynyň dünýä ajaýyp alymlary, oýlap tapyjylary, akyldarlary berendigi mälimdir. Biz bolsa şol örän baý medeni we ylmy däpleriň mirasdüşerleri hem-de saklaýjylary bolup durýarys» - diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu gyzyklanmalary höweslendirmegiň, yzygiderli esasda giňden medeni we ylmy alyşmalara işjeň ýardam bermegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz halklarymyzyň arasynda ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmagyň hem-de giňeltmegiň möhümdigi baradaky pikiri ösdürmek bilen, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumyny guramagy hem-de ony şu ýylyň noýabrynda Mary şäherinde geçirmegi teklip etdi.

Sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň alty döwletiň we olaryň halklarynyň dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli hem-de gyşarnyksyz berkitmegiň, hoşniýetli goňşuçylygy, köpasyrlyk dostlugy, özara hormat goýmak, birek-biregi goldamak däplerini gorap saklamagyň zerurdygyna berk ynanýandygyny belledi.