logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / In the world /Merkezi Aziýanyň ilaty 80.8 million adamdan gowrak boldy
  10.04.2024
575
Merkezi Aziýanyň ilaty 80.8 million adamdan gowrak boldy

Häzirki wagtda Merkezi Aziýanyň ilaty 80.8 million adamdan gowrak boldy. Soňky on ýylda ortaça ösüş 1 million adama deň boldy. Bilermenleriň baha bermegine görä, 2050-nji ýylda Merkezi Aziýanyň ilatynyň sany 100 milliondan gowrak bolar.

 

Ýeri gelende belläp geçsek, Merkezi Aziýanyň iň köp ilatly ýurdy Özbegistan bolup, bu ýurtda 36.7 million adama deňdir. Ikinji orundaky Gazagystanyň ilaty 20 milliona barabardyr.

 

Sebitde ilatyň köp bölegini ýaşlar düzüp, olaryň sowatlylyk derejesi 100 göterime barabardyr. Şeýle hem Merkezi Aziýanyň ilatynyň sanly sowatlylyk derejesi hem ýokarydyr. Sanly sowatlylyk kompýuter sowatlylygy, maglumat sowatlylygy, media sowatlylygy ýaly ugurlary özünde jemleýär.

 

Ýatladyp geçsek, «Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik, Bagtyýarlyk, Röwşen geljek» şygary astynda geçen ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň netijesinde, 2022-nji ýylyň 17-nji dekabryndaky ýagdaýyna görä, Türkmenistanyň umumy ilaty 7 057 841 adam boldy.

 

Annaahmet HELIMBERDIÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.