logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /“Mertler Watany beýgeldýär”
  09.05.2022
2209
“Mertler Watany beýgeldýär”

Hoşniýetlilik, parahatçylyk, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, gaýduwsyzlyk, edermenlik türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän milli aýratynlyklarydyr hem-de durmuş kadasyna öwrülen ýörelgeleridir. Dünýä taryhyna örän pajygaly we iň gandöküşikli döwür hökmünde giren 1941-1945-nji ýyllarda hem bu mukaddes kadalara berk eýeren merdana watandaşlarymyz doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, aldym-berdimli söweş meýdanlarynda batyrlygyň, watançylygyň belent nusgasyny görkezdiler, nesilleriň hormatyna mynasyp boldular. Gazaply uruş ýyllarynda merdana pederlerimiziň – Watan goragçylarynyň görkezen söweşjeň edermenligi we ýanbermez gaýduwsyzlygy nesilleriň kalbynda şan-şöhratly ýatlamalar bolup müdimilik ýaşar. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki Medeniýet öýinde  umumyhalk baýramçylygy – 1941-1945-nji ýyllyryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli “Mertler Watany beýgeldýär” atly konsert geçirildi. Konsert welaýatymyzyň birleşen artistler toparynyň ýerine ýetirmeginde rehimsiz we ýowuz urş ýyllarynda halkymyzyň gaýduwsyzlyk, batyrlyk bilen duşmana garşy söweşini sahnalaşdyrylan kompozisiýa bilen başlady. Soňra bolsa çagalar sungat mekdebinde, ýörüte sungat mekdepde bilim alýan talyp ýaşlaryň hem-de welaýatymyzyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmegindäki aýdymlar ýaňlandy.