logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Meşhur gözbagçy «Zach King» 2,2 milliard gezek tomaşa edilen wideosy bilen dünýä rekordyny täzeledi
  05.12.2022
1052
Meşhur gözbagçy «Zach King» 2,2 milliard gezek tomaşa edilen wideosy bilen dünýä rekordyny täzeledi

Dünýä belli ABŞ-ly gözbagçy Zach King sosial media platformasy bolan TikTok-da iň köp tomaşa edilen wideosy bilen rekordlar kitabyna girdi.

Zach King-iň 2019-njy ýylyň 9-njy dekabrynda paýlaşan wideosynyň 2,2 milliard tomaşa edilendigini göni ýaýlymda «TokCounter» maglumat berdi. Berlen beýanatda dünýä ilatynyň 8 milliarddygy we görülme sanynyň «adatdan daşary» ýagdaýdygy mälim edildi.

Zach King rekord goýýan wideosy üçin beýleki mazmunlara garanyňda az zähmet çekendigini aýtdy. King-e iň köp tomaşa edilen wideo şahadatnamasy gowşuryldy. Bu wideo Ginnesiň resmi «TikTok» hasabynda paýlaşyldy.