logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /MEŞHUR ŞAHSYÝETLERIŇ YLHAMLANDYRYJY SÖZLERI
  21.04.2022
1177
MEŞHUR ŞAHSYÝETLERIŇ YLHAMLANDYRYJY SÖZLERI

Durmuşyňy ýaşamagyň diňe iki görnüşi bar. Birinjisi- hiç hili täsinlik ýok ýaly. Ikinjisi-dünýädäki ähli zat täsinliklerden ybarat ýaly. Albert Enşteýn.
      Kim bolmak isleýäniň hiç haçan giç däl. Jorj Eliot.
      Pikir-ähli zadyň başlangyjydyr. Pikiri hem dolandyryp bolýar. Şonuň üçin esasy zat gowulaşmak-pikirleriň üstünde işlemek. Lew Tolstoý.
      Meni öldürmeýän zat meni güýçlendirýär. Fridrih Nisşe
      Durmuş- bu başga meýilnama düzeniňizde başyňdan geçýän ýaşaýşyňyzdyr. Jon Lennon.
      Hemişe kyn ýoly saýlaň –ol ýolda siz  bäsdeşe duşmarsyňyz. Şarl de Goll.
      Utulýanyňy duýýan bolsaň, mundan öň näme üçin saklananyňy ýatla. Jared Leto.
      Isleýän zadym bolmadyk ýagdaýynda men güýje ynanýan, ertir täze gün we men täsinliklere ynanýan.Odri Hepbern.
      Her bir zenanyň iň gowy goragy – edermenlikdir. Hillari Klinton.
      Näçe gaýratly zähmet çekseňiz şonça-da üstünlikli bolarsyňyz. Tomas Jefferson.
      Diňe özüňize hormat goýmak arkaly başgalaryň hormatyny gazanyp bilersiňiz. Nataniel Branden.
      Men hiç haçan ýeňilmedim. Men diňeje işlemeýän müň usul tapdym. Tomas Edison.    

Gülnur Otyzowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby