Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Buýan ösümliginiň dermanlyk häsiýeti ✦ ✦ Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyry ✦ ✦ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦ ✦ Gyz-gelinler — milli bitewüligiň we dowamlylygyň nyşany ✦ ✦ Energetika howpsuzlygy we sebit durnuklylygy ✦ ✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Gyzykly /MEŞHURLAR HAÝSY KITAPLARY OKAÝAR?!
  15.10.2022
999
MEŞHURLAR HAÝSY KITAPLARY OKAÝAR?!

Köp adamlar özleriniň boş wagtlary kitap okamak bilen meşgullanýarlar. Dünýäniň iň baý adamlary hem öz kitaphanalarynda söýgüli eserlerine aýratyn orun berýär. Geliň olaryň käbirleri bilen tanşalyň. 

Dünýäniň iň baý adamlarynyň biri bolan «Microsoft»-yň esaslandyryjysy Bill Geýts Selinjeriň meşhur «Çowdaryly uçudyň üstünde» atly romanyny söýüp okaýar. Bill Geýts bu eseri özüniň ähli syýahatlarynda hemrasy bolandygyny öz gürrüňlerinde belläp geçýär.

Syýasatçy, telekeçi we amerikanyň ozalky Prezidenti Donald Tramp bolsa, Norman Winsten Piliň «Hakykata esaslanýan akylyň güýji» atly eserini wagtal-wagtal okaýar. Donald Tramp bu eseri özüne bolan ynamyny güýçlendirmäge, ruhy güýjüni barlamaga we üstünlik gazanmak üçin ýol tapmaga mümkinçilik berýär diýip belläp geçýär.

Dünýäniň iň meşhur jemgyýetçilik ulgamyny esaslandyryjy, dünýäniň iň ýaş milliarderleriniň biri bolan Mark Zuckerberg bolsa, hemişe ýanynda Orson Skott Kardyň «Endera oýunlary» atly romanyny saklaýar.

Harper Liniň «Ýansylaýjynyň ykbaly» atly romanyny amerikaly tele alyp baryjy, aktrisa jemgyýetçilik işgäri bolan Oprah Winfreý özüniň söýgüli kitaby hasaplaýar.

Jorj Stokyň «Wagta bäsdeşlik» atly romanyny «Apple» şereketiniň ýolbaşçysy Tim Kuk öz ýan kitaby hasaplaýar. Tim Kuk bu kitabyň saýasynda biznesi ýokary derejede alyp gitmegi öwrenen ekeni.

 

Agajan ANNAMYRADOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.