Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Mary welaýatynyň gaz pudagy 2026-njy ýyly ýokary önümçilik netijeleri bilen başlady ✦ ✦ Bank we söwda ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagy dowam edýär ✦ ✦ Türkmenistanda maldarçylygyň ekologiýa taýdan durnuklylygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ «Bitaraplyk — dillerimiziň senasy» atly iňlis dili bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen talyplary nazary mehanika boýunça VI halkara olimpiadada üstünlik gazandylar ✦ ✦ Arkadag şäherinde Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi ✦ ✦ Hytaý we Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk ösdürilýär ✦
Baş sahypa / Tebigat /Meteorid daşy ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi
  24.06.2025
599
Meteorid daşy ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Tebigat muzeýinde mekdep okuwçylary üçin täsirli gezelenç geçirildi. Bu çäre “Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi” jemgyýetçilik guramasynyň guramagynda guraldy. Onuň esasy maksady ýaşlarda ekologiýa medeniýetini ösdürmek we tebigata bolan düşünjesini giňeltmekden ybarat boldy.

 

Gezelençde Aşgabat şäheriniň dürli orta mekdepleriniň okuwçylary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryndan paýtagta dynç almaga gelen mekdep okuwçylary hem gatnaşdy. Olar muzeýiň ylmy hünärmeniniň ýolbeletliginde eksponatlar bilen tanyşdylar.

 

Okuwçylar dünýäniň döreýiş döwürleri, janly organizmleriň emele gelşi, geografik yklymlar we klimat guşaklary, Türkmenistanyň daglyk, düzlük, çöl, köl, deňiz we derýa ýaly tebigy aýratynlyklary bilen içgin tanyşdylar. Şeýle hem ýurduň baý fauna we flora dünýäsine, goraghanalara, tebigy daşlara, ýer düzümlerine we täsin tebigy ajaýyplyklaryna degişli eksponatlar uly gyzyklanma döretdi.

 

Gezelençde aýratyn gyzyklanma döreden eksponatlaryň biri hem 1998-nji ýylda Köneürgenç etrabynyň Derýalyk obasyna gaçan meteorid daşy boldy. Bu täsin tebigy hadysa okuwçylaryň arasynda giň gürrüňleriň döremegine sebäp boldy.

 

Bu medeni-mahabat çäresi okuwçylaryň tebigata bolan söýgüsini artdyrmak, olaryň aň-düşünjesini giňeltmek we tebigaty goramagyň möhümdigine ünsi çekmek maksady bilen geçirildi.

 

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 1998-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde açylyp, döwlet derejesindäki möhüm medeni ojaklaryň biridir. Bu muzeýde ýurdumyzyň taryhy, medeniýeti, tebigaty we häzirki ösüşleri bilen bagly baý eksponatlar toplanypdyr. Muzeýiň düzüminde birnäçe bölümler – taryh, tebigat, etnografiýa we Garaşsyzlyk döwri boýunça sergi zallary hereket edýär.

 

Muzeý eksponatlarynyň arasynda gadymy arheologik tapyndylar, milli senetçilik önümleri, taryhy resminamalar, şekillendiriş sungatynyň eserleri hem-de tebigy baýlyklary görkezýän elementler bar. Ol ýaşlaryň we myhmanlaryň bilimini artdyrmakda hem-de Türkmenistanyň baý mirasyny wagyz etmekde möhüm rol oýnaýar.

 

Giňişleýin maglumat: museum.gov.tm