logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Meýdan düşelgesindäki dabara
  30.06.2020
850
Meýdan düşelgesindäki dabara

    Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de bu guramanyň Ahal welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň çägindäki meýdan düşelgesinde aýdym-sazly dabara geçirildi. Oňa kärendeçi zenanlaryň birnäçesi, mährem eneler we gelin-gyzlar gatnaşdy.

         Saz-söhbetli dabarada bereketli saçagyň başynda ýygnanlar ýurdumyzda zenanlara goýulýan sarpa, işlemäge, döretmäge we päk zähmetiň bilen baýamaga döredilen şertler barada buýsançly gürrüň edildi. “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylynyň hasyly üçin dänäniň bol hasylyny ýetişdirip, bu babatdaky tabşyryga ilkinjileriň hatarynda hötde gelen öňdebaryjy kärendeçi zenanlaryň gürrüňleri has-da täsirli boldy.  

       Meýdan düşelgesinde giň gerim alan dabaranyň dowamynda Ahal welaýat medeniýet merkeziniň zenan bagşylarynyň ýerine ýetiren hoş owazly aýdym-sazlary daýhanlaryň  päk zähmete bolan hyjuw-yhlasyny goşalandyrdy. Şirin owazly aýdym-sazlar astynda gelin-gyzlaryň hamyr ýaýyp, çörekdir külçe, pişme, çapady,  unaş taýýarlaýan, şeýle-de  milli tagamlaryň taýýarlanylyşy dogrusynda ol ýere ýygnanan ýaş gelin-gyzlara gürrüň berýän pursady has-da gyzykly boldy.