Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Buýan ösümliginiň dermanlyk häsiýeti ✦ ✦ Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyry ✦ ✦ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦ ✦ Gyz-gelinler — milli bitewüligiň we dowamlylygyň nyşany ✦ ✦ Energetika howpsuzlygy we sebit durnuklylygy ✦ ✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Meýdan düşelgesindäki dabaraly çäre
  16.06.2022
1002
Meýdan düşelgesindäki dabaraly çäre

Ýakynda, Tejen etrabynyň “Tejen” daýhan birleşiginiň meýdan düşelgesinde günorta arakesmesi wagtynda Tejen etrap häkimliginiň iş meýilnamasy esasynda etrap häkimliginiň, medeniýet bölüminiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda aýdym-sazly medeni-dynç alyş çäresi gurnaldy. Bu medeni dynç alyş çäresine etrabyň il-sylagly ýaşulylary, kümüş saçly enelerimiz, galla oragyna gatnaşýan mehanizatorlar, sürüjiler we öňdebaryjy kärendeçiler gatnaşdylar.

Baýramçylyk çäresinde etrap medeniýet bölüminiň aýdymçylarynyň, folklor hem-de tans toparlarynyň çykyşlary, sahna wäşileriniň gülkili sahna oýunlary bu ýere gatnaşjylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldular.

Dabaraly çärede etrap hassahanasy tarapyndan hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” kitabyndan ugur alnyp dermanlyk ösümlikleriniň sergisi, etrap medeniýet bölüminiň merkezi kitaphanasy tarapyndan hormatly Prezidentimiziň atalyk kitaplarynyň serigisi çärä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Baýramçylyk çäresinde oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren “Ömrümiň manysy” atly neşiri bilen hem tanyşdyrdylar.

Dabaranyň ahyrynda galla oragy möwsümine işjeň gatnaşýan mehanizatorlara, sürüjilere hem-de öňdebaryjy kärendeçilere etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Maral AKYÝEWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap
birleşmesiniň esasy hünärmeni
.