logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Meýdan düşelgesindäki dabaraly çäre
  18.10.2022
748
Meýdan düşelgesindäki dabaraly çäre

Ýakynda, Tejen etrabynyň «Tejen» daýhan birleşiginiň meýdan düşelgesinde günorta arakesmesi wagtynda Tejen etrap häkimliginiň iş meýilnamasy esasynda etrap häkimliginiň, medeniýet bölüminiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda pagta ýygymyna gatnaşýan zähmetkeşleriň armasyny ýetirmek maksady bilen aýdym-sazly medeni-dynç alyş çäresi gurnaldy. Bu medeni dynç alyş çäresine etrabyň il-sylagly ýaşululary, pagta ýygymyna gatnaşýan ýygymçylar, mehanizatorlar, sürüjiler we öňdebaryjy kärendeçiler gatnaşdylar.

Baýramçylyk çäresinde etrap medeniýet bölüminiň aýdymçylarynyň, folklor hem-de tans toparlarynyň çykyşlary, sahna wäşileriniň gülküli sahna oýunlary bu ýere gatnaşyjylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. 

Dabaraly çärede etrap medeniýet bölüminiň merkezi kitaphanasy tarapyndan Gahryman Arkadagymyzyň atalyk kitaplarynyň sergisi çärä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. 

Dabaranyň ahyrynda pagta ýygymy möwsümine işjeň gatnaşýan ýygymçylara, mehanizatorlara, sürüjilere hem-de öňdebaryjy kärendeçilere etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Gulmuhammet SÄHEDOW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap 
birleşmesiniň başlygy.