logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Agriculture /Meýdan işleri gyzgalaňly barýar
  07.02.2023
1312
Meýdan işleri gyzgalaňly barýar

Ýurdumyzyň pagtaçylary täze hasylyň düýbüni tutmak işlerine ýokary guramaçylykly girişmek bilen, häzirki günlerde meýdanlarda taýýarlyk işlerini giňden ýaýbaňlandyrdylar. Oba hojalygynda jogapkärli döwür hasaplanylýan ýaz meýdan işleriniň öz wagtynda ýokary hilli geçirilmegini gazanmak ýokary hasylyň kemala gelmeginde möhüm şertleriň biridir.

Pagtaçylar ýeriň hasyllylygyny artdyrmak üçin meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işlerini göwnejaý geçirip, ekişe bellenen möhletde girişmegi maksat edinýärler. Bu işleriň takyk usulda alnyp barylmagy üpjün edilip, kadaly gögeriş gazanmak arkaly, gowaçalara ideg işleri agrotehniki talaplara laýyklykda ýola goýlar. Şundan ugur alyp, welaýatyň pagtaçy kärendeçileri ýaz ekişine görülýän taýýarlyk işleriniň depginini günsaýyn güýçlendirýärler.

Çuň sürüm geçirilen meýdanlarda tekizleýiş işleri alnyp barylýar. Bu işlerde tehnikalar ýokary öndürijilikli işledilip, gündelik meýilnamalaýyn tabşyryklaryň berjaý edilmegi gazanylýar. Bu möwsümiň bökdençsiz geçmegi üçin Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatorlarynyň öz işlerine ýokary jogapkärçilik bilen çemeleşmeklerine aýratyn ähmiýet berilýär.

Welaýatlarymyzda ýaz meýdan işlerini alyp barmak bilen bir hatarda, ekiş möwsümine gatnaşdyryljak tehnikalardyr gurallaryň taýýarlygy hem şu günüň möhüm işleriniň birine öwrüldi. Esasan hem, ekiş geçirijileriň, hatarara bejergi işlerinde işlediljek kultewatorlaryň taýýarlygy ýokary derejede alnyp barylýar. Işleriň talabalaýyk guralmagy etrabyň pagtaçylarynyň şu ýyl ýokary hasyly kemala getirip, bellenen meýilnamalaýyn tabşyryklaryň üstünlikli berjaý ediljekdiginden habar berýär. 

 

Durdy BAÝRYÝEW,

Aşgabat şäher agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
talyby.