logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Meýilnamalaýyn borçnama üstünlikli berjaý edildi
  13.11.2020
666
Meýilnamalaýyn borçnama üstünlikli berjaý edildi

     Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany ýylynda Sarahs etrabynyň edermen babadaýhanlary şu ýyl döwlete pagta tabşyrmagyň şertnamalaýyn tabşyrygyny üstünlikli berjaý edip, uly zähmet ýeňşini gazandylar. Olar üstümizdäki ýylda meýdanlardan 35730 tonna hasyl almagy meýilleşdirip, göz öňünde tutulan tabşyrygy ilkinjileriň hatarynda berjaý etmegiň hötdesinden geldiler.

Etrabyň daýhan birleşikleri, daýhan hojalyklary döwlete pagta tabşyrmagyň şertnamalaýyn tabşyrygyny üstünlikli berjaý etmek ugrunda ýokary guramaçylyk çärelerini doly derejede üpjün edip, bol hasylyň kemala getirilmeginde ol hojalyklaryň pagtaçy kärendeçileri zähmetiň ajaýyp nusgasyny görkezip işlediler. Ýygym möwsümine girişilmegi bilen etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap almak barada düzülen iş meýilnamanyň çäklerinde jogapkärli möwsüme zähmet adamlarynyň işjeň çekilmegi ýola goýuldy. Pagta meýdanlarynda bu işe işjeň çekilen öňdebaryjy kärendeçilik toparlarynyň, kärendeçileriň, pagta ýygyjy maşynlaryň sürüji-mehanikleriniň, pagta daşaýjy awtoulaglaryň sürüjileriniň arasynda höweslendiriş, medeni köpçülik çäreleriniň yzygiderli guralmagy pagtaçylary täze ýeňişlere ruhlandyrdy. Altyn –güýzüň bereketli gowaça hasylyny ýygnap almagyň ussatlary hökmünde Sarahsly pagtaçylar arzyly pellä ýetip, uly zähmet ýeňişini gazandylar. Bu gazanylan üstünlikde etrabyň “Bereket”, “A.Tekäýew”, “Nyýazow” adyndaky daýhan birleşikleriniň pagtaçylarynyň gazanan üstünligi has saldamly boldy. Etrabyň pagtaçylarynyň gazanan zähmet ýeňşiniň şanyna etrap medenýet öýünde aýdym sazly dabara guralyp onda täsirli çykyşlara giň orun berildi. Pagta tabşyrmagyň meýilnamalaýyn şertnamasyny üstünlikli berjaý eden etrabyň gazanan üstünligine mynasyp goşant goşan pagtaçylaryň birnäçesine gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.