logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Technology /«Microsoft» kompaniýasy ulanyjylara kosmosdan internet hödürlär
  21.12.2022
1143
«Microsoft» kompaniýasy ulanyjylara kosmosdan internet hödürlär

«Microsoft» kompaniýasy «Viasat» bilen hyzmatdaşlykda, «Airband» taslamasynyň çäginde hemra arkaly internet hyzmatyny hödürlär.

Mälim bolşy ýaly häzirki wagtda Elon Musk-yň eýeçiligindäki hususy kosmos kompaniýasy «SpaceX» hemra esasly global internet taslamasy bolan «Starlink» üçin maksatlaryny giňeltmegini dowam etdirýär. Şunuň bilen baglylykda, beýleki kompaniýalar hem şuňa meňzeş taslamalaryň üstünde işleýärler.

«Microsoft» kompaniýasy «Viasat» bilen hyzmatdaşlykda, «Airband» taslamasynyň çäginde hemra arkaly internet hyzmatyny hödürlemegi maksat edinýär.

«Microsoft» kompaniýasynyň beýannamasynda: «Başlangyç maksat, häzirki wagtda dünýä ýüzünde ýeterlik däl internet hyzmaty bilen üpjün däl 10 million ulanyja tiz we ygtybarly internet hyzmatyny elýeterli etmek bolar» - diýilýär.

«Microsoft» kompaniýasynyň hödürlejek hemra arkaly internet hyzmaty Angola, Kongo Demokratik Respublikasy, Müsür, Nigeriýa we Senegal ýaly Afrika döwletlerindäki 5 million adama hyzmat eder. 

 

Ybraýym ATAÝEW,

Türkmenistanyň inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary
institutynyň talyby.