logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Nature /Mikroplastika adamzada uly howp salýar!
  23.03.2024
630
Mikroplastika adamzada uly howp salýar!

Mikroplastika dünýäniň çar künjegine diýen ýaly ýaýraýar, ýöne indi bu kiçijik bölejikler adamzat taryhynyň bir bölegini ýok etmek howpy astynda. 

 

Angliýanyň Ýork uniwersitetiniň gözlegçileri Rim we Wiking döwürlerine degişli bolan möhüm tapyndylary öz içine alýan arheologiki mazarlykda ilkinji mikroplastiki subutnamalary tapdylar. 

 

Uzynlygy bäş millimetrden az bolan mikroplastikalar - plastik gaplamalar, käbir iýmitler, krant suwy we hatda dem alýan howamyz arkaly bedenimize girýär. Netijede rak we önelgelilik ýaly saglyk meselelerine sebäp bolýar.

 

Ýerastynyň aşaky gatlaklaryna çenli hem baryp ýeten mikroplastika, saklanan arheologiki galyndylara hem howp abandyryp biler we olary ylmy taýdan ähmiýetsiz edip biler. 

 

Topar arheologiki galyndylarda senagat, oba hojalygy, transport we gündelik durmuş ýaly adam işleriniň gönüden-göni netijesi bolan 25,000-den gowrak mikroplastikany tapdy. Mikroplastika soňky döwürde gündelik durmuşymyzda umumy we köp bolany üçin uly ünsi özüne çekip başlady.

 

Ýeri gelende belläp geçsek, mikroplastika dünýäniň iň çuň ýeri bolan Mariana çukuryndan, Ewerest dagynyň depesine çenli dünýäniň hemme ýerinde diýen ýaly duş gelýär.

 

Yslam TYLLANUROW,

 

Türkmen döwlet binagärlik we

gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika

fakultetiniň dekany.