logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Society /Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni
  11.03.2024
1542
Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni

Türkmen halkynyň, şeýle hem Gündogar halklarynyň durmuşyna örän berk ornaşan Nowruz baýramy parahatçylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerini giňden dabaralandyrýan baýramdyr. Nowruz galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy bolmak bilen, halklaryň arasynda parahatçylygy, agzybirligi, ynanyşmagy kemala getirýär. Hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli gatnaşyklar, birek-birege ynam Nowruz baýramynyň esasy ýörelgeleridir.

 

 

ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nowruz baýramy köp milletleriň, şol sanda türkmen halkynyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlaryny özünde jemleýär. Ol medeniýetleriň gadymy taryhyny, zähmet dessurlaryny we maşgala däplerini, saz mirasyny häzirki zamanyň sungat ýörelgeleri bilen utgaşdyryp, adamlaryň şatlygyna şatlyk goşýar.

 

 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Nowruz Galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy bolmak bilen, halklar arasynda parahatçylygy, agzybirligi, ynanyşmagy kemala getirýär. Hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli gatnaşyklar, birek-birege ynam Nowruz baýramynyň esasy ýörelgeleridir» diýip belleýär.

 

 

Halkara Nowruz baýramy häzirki wagtda dünýäniň köp döwletinde, has takygy, Eýranda, Owganystanda, Azerbaýjanda, Täjigistanda, Yrakda, Hindistanda, Gyrgyzystanda, Türkiýede, Özbegistanda, Gazagystanda giňden bellenilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýylyň 21-nji martyny «Halkara Nowruz güni» diýip bellemek hakynda ýörite Kararnamanyň kabul edilmegi bolsa, Milli bahar baýramynyň halkara derejesindäki ähmiýetiniň ýokarydygynyň subutnamasydyr.

 

 

Goý, Milli bahar baýramy her bir türkmen ojagyna bagt, rysgal, bereket, bagtyýarlyk getirsin! Baýramyňyz gutly bolsun, mähriban ildeşler!

 

Güljan NURGELDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.