logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ «Biznes-Intellekt» bäsleşigi ýaş zehinleri ýüze çykardy ✦ ✦ Syýahatçylyk mekdebiniň talyplary türkmen haly sungaty bilen tanyşdylar ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦
Home / Culture /Milli Bahar baýramy - tebigatyň hem durmuşyň sazlaşygy
  20.03.2023
966
Milli Bahar baýramy - tebigatyň hem durmuşyň sazlaşygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ýaz paslynyň gelmegi bilen gözel tebigat jana girip, bu özboluşly görnüş ynsan kalbyna joşgun hem mähir paýlaýar. Şeýle ajaýyp bahar aýynda her ýyl ýurdumyzda bellenilýän Milli Bahar baýramy – Halkara Nowruz güni tebigat bilen ynsan durmuşynyň sazlaşygynyň baýramy hökmünde kalplarda orun alandyr. Bu baýram şadyýanlygyň, şahandazlygyň, saz-söhbediň, täzelenişiň, päkligiň baýramy hökmünde Diýarymyzyň ähli künjeklerinde uludan toýlanýar. Eziz ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan asylly işleriň çäklerinde her ýyl Milli Bahar baýramynyň öň ýanynda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirilýär. Şeýle ýaşyl tokaý zolaklarynyň döredilmegi gözel tebigatyň bezegine öwrülip, onuň görküne görk goşýar. Nowruzyň gelmegi bilen bereketli topragymyza ýylylyk aralaşýar, tebigat janlanýar. Asmandan inýän ýaz çabgalary topragyň rysgal-berekedi bolup ýere düşýär. Bu döwürde edermen daýhanlarymyz gyzgalaňly zähmete girişýärler. Bu milli baýram öz gözbaşyny has irki döwürlerden alyp gaýdýar. Ferdöwsiniň «Şanama» eserinde Nowruz baýramynyň döreýşi Jemşit şanyň döwri bilen baglanyşdyrylypdyr. Şeýle-de Nowruz baradaky taryhy maglumatlar Omar Haýýamyň «Nowruznama» eserinde hem beýan edilipdir. Nowruzyň waspy türkmeniň nusgawy edebiýatynyň görnükli wekilleriniň biri-birinden ajaýyp goşgudyr şygyrlaryndan hem ussatlyk, ýokary çeperçilik bilen ýetirilýär. «Ýylyň gelşi Nowruzyndan bellidir», «Nowruzdan soň gyş bolmaz, mizandan soň ýaz»,  diýlişi ýaly, Nowruzda howanyň ýagmyrly bolmagyny bolçulygyň nyşany hasaplaýarlar. Şeýle hem halkymyzda pähim-parasada öwrülen Nowruz bilen bagly däp-dessurlar, nakyllar hem yrymlar bu milli baýramçylygyň öz köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygyna şaýatlyk edýär. Munuň özi bolsa, ýaşlarda zähmete söýgi, yhlas hem hyjuw, ynsanperwerlik ýaly asylly duýgulary döredýär. Täzelenişiň, dost-doganlygyň, gözelligiň, ruhy joşgunyň nyşany hökmünde halkara derejesinde giňden bellenilýän Halkara Nowruz güni asyrlaryň dowamynda kämilleşip, umumadamzat gymmatlygyna eýe bolan, halkymyzyň ruhy durmuşyna siňen milli däp-dessurlarymyzyň aýrylmaz bölegidir, milli öwüşginli baýramydyr! 

 

Güljahan ARZYMEDOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.