logo

Latest news:
✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦ ✦ Demokratiýa we aýanlyk — Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň binýatlyk esaslary ✦ ✦ Bagşy Döwletgeldi Ökdirow ✦
Home / Culture /Milli Bahar baýramyňyz gutly bolsun!
  20.03.2023
2188
Milli Bahar baýramyňyz gutly bolsun!

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda toýlary toýa, baýramlary baýrama ulaşýan eziz halkymyz ýene-de bir baýramçylygy uly şatlyk-şowhuna besläp garşylaýar. Ata-babalarymyzyň gadymdan bäri belläp gelýän Milli Bahar baýramynyň dabaralary, belent joşguny tebigat gözellikleri bilen sazlaşýar. Dana Magtymguly Pyragynyň: «Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda» diýip, şygyr setirlerinde ýokary çeperçilik, giň many-mazmun bilen taryplan Nowruzyň gelmegi bilen, ajaýyp ýaz pasly sahawatly tebigata ýaşyl begresden ýaşyl donuny serpaý ýapdy. Gündogar halklarynda ençeme müňýyllyklardan bäri giňden bellenilýän gadymy hem milli baýramlaryň biri-de Milli Bahar baýramy – Halkara Nowruz günüdir. Nowruz pars dilinden terjime edilende «Täze gün» diýen manyny berýär. Bu baýram mähriban halkymyzyň milli mirasyna, medeniýetine, däp-dessuryna, ruhuna siňen we döwlet derejesinde öz ornuny alan şanly seneleriň biridir. Gündogar halklarynda meşhur bolan Nowruz baýramynyň taryhy, däp-dessurlary, onuň bilen bagly rowaýatlary barada maglumat berýän gymmatly taryhy çeşmeler Abu Reýhan Birunynyň, Abylkasym Ferdöwsiniň, Omar Haýýamyň, Abdyrahman Jamynyň, Alyşir Nowaýynyň we beýleki Gündogar akyldarlarynyň eserlerinde, nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň döredijiliginde, türkmen halk döredijiliginde öz beýanyny tapypdyr. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň tagallasy bilen Nowruz baýramy halkara hukuk derejesine eýe boldy. 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. 2010-njy ýylyň 19-njy fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde her ýylyň 21-nji martyny Halkara Nowruz güni diýip yglan etmek barada ýörite Rezolýusiýa kabul edildi. Nowruz däpleriniň mazmunynda tebigaty goramagyň nusgalyk ýörelgeleri jemlenendir. Bu baýram özboluşly ekerançylyk baýramy bolup, geçmiş taryhymyzda ata-babalarymyz: «Ýylyň gelşi Nowruzyndan bellidir» diýen dana pähime eýerip, Nowruzyň gelmegi bilen, ýaz ekişine başlapdyrlar. Edermen daýhanlarymyz bu günlerde ekin meýdanlarynda tutanýerli zähmet çekip, ene ýere yhlasyny hem zähmetini baglaýarlar.  Eziz Türkmenistan Watanymyzda dabarasy uludan toýlanylýan Milli Bahar baýramy – Halkara Nowruz güni bilen ähli watandaşlarymyzy, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Serdarymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys! Goý, eziz ýurdumyzda şeýle toýlarymyzyň dabarasy dag aşsyn, baýramyňyz gutly bolsun! 

 

Orazgül GAÝYPOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.