logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Society /Milli demokratiýanyň nusgasy
  15.09.2025
2571
Milli demokratiýanyň nusgasy

Bäş müň ýyl mundan ozal Oguz han döwlet guranda ähli möhüm meseleleri il-gün bilen geňeşip çözýärdi. Bu taryhy ýörelge häzirki döwrümizde hem dowam edip, halkymyzyň agzybirlikde ýaşaýşynyň nusgasyna öwrüldi.

 

Türkmen halky her bir uly waka bilen baglylykda maslahat gurap, birek-birege hemaýat edipdir. Ýaşulularyň paýhasy bilen ýaşlaryň hereketi birleşip, jemgyýetde jebisligiň berkidilmegine hyzmat edipdir. Şu günki günde hem halkymyz ýurdumyz üçin möhüm ähmiýetli çözgütleriň kabul ediljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Bu ýokary wekilçilikli edaranyň kabul edýän Kararlary halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaga, ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda ösüşleri üpjün etmäge gönükdirilýär.

 

Geçen ýylyň Halk Maslahatynda kabul edilen çözgütleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ähli taraplaýyn ösüşine ýardam berdi. Bu ýylky mejlisde hem hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň bähbidine möhüm çözgütler kabul ediler.

 

Agzybirlik türkmeniň asylly häsiýetleriniň biridir. Halk Maslahaty bolsa şol agzybirligiň aýdyň nyşany bolup çykyş edýär. Ol döwlet bilen halkyň jebisligini, maksatlaryň birdigini, ösüş ýollaryna bolan garaýyşlaryň bitewüligini görkezýän möhüm syýasy-jemgyýetçilik çäre bolup durýar.
 

Halkymyzyň parahat, asuda, abadan durmuşda bolelin ýaşamagy üçin alada edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! 

 

Merjen SAPAÝEWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet
mugallymçylyk institutynyň "Pedagogika" fakultetiniň
5-nji ýyl talyby.