logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /MILLI GELIN LYBASLARY
  27.04.2023
1939
MILLI GELIN LYBASLARY

Türkmen gelinleri ähli döwürlerde hem gowy lybaslary geýip, iň nepis şaý- sepleri dakynypdyrlar. Egni älemgoşaryň nurana reňklerini özünde jemleýän milli lybasly, başlary sary öýmelidir, ýaglykly gelin – gyzlary näçe wasp etseň hem az ýaly. On barmagyň gudratyndan dörän milli lybaslar zenanlaryň inçe sungatyň ussadylygyny ykrar edýär.

«El-hünärli – il gezer» diýen ene- mamalar içinde päk zähmeti, el hünäri bilen abraý alan zenanlary nusga hökmünde görkezip, ýaşlary hünäre ugrukdyrmagy başarypdyrlar. Ene-mamalardan nesillere nusga galan el keşdeleri ak gaýmalar döwrebap nusgalar bilen sepleşip gidýär.

Gelinleriň toý lybaslaryny  köpsanly şaý-sepler bezäpdir. Gadym döwürlerden bäri olar diňe bir owadanlyk üçin zenan döşünde ýerleşdirilmän eýsem gözden dilden goraýan doga-tumar hökmünde hem ulanypdyrlar. Gelinleriň toý lybasyndaky jaňjagazlaryň owazy olary gyz gözelligine  aşyk al-arwahlardan gorapdyr.

Işine ezber on barmagyndan dür dökülýän gelinlerimiz il arasynda uly abraýa eýe. Onuň ýanyna iş öwrenmäge ýa-da dürli biçüwdäki egin-eşikleri tikdirmäge gelýänleriň yzy üzülenok. Üýtgeşik nagyşly geýimler, nepis tikilen egin-eşikler, owadan keşdeler göreniň höwesini artdyrýar.

Ene-mamalardan miras galan biçüwler, keşdeler, gaýmalar hiç haçan öz ähmiýetini ýitirmän, barha giňäp barýar. Zenanlar owadan we älemgoşar  öwüşgünli ketenileri täze biçüwde tikinýärler. Bu olaryň gözelligine goşant goşýar.

Türkmen ketenisi bolsa, özüniň owadanlygy bilen dünýäni haýran edýär. Egin-eşiklerdäki millilik zamanabap geýinmek medeniýeti bilen sazlaşanda lybaslaryň gözelligi has-da artýar. Bu sazlaşyk türkmen zenanlaryň ajaýyp dünýäsini, edebini, näzik duýgularyny, belent mertebesini görkezýär.

El işlerine ussat ene-mamalar nagyşlaryň nusgalaryny, köýnek biçip-tikmek usullaryny apalap, öz gyzlaryna, gelinlerine öwredip, häzirki nesle ýetiripdirler. 

 

Suraý PUREŞOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.