Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan “TEIF 2025” forumynda maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrar ✦ ✦ Kiýewde Magtymguly muzeýiniň 50 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi ✦
Baş sahypa / Syýasat /Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Ahal we­la­ýa­tyna iş saparyny amala aşyrdy
  13.08.2022
601
Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Ahal we­la­ýa­tyna iş saparyny amala aşyrdy

Şu gün, Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy, Türk­me­nis­ta­nyň Hor­mat­ly il ýa­şu­lu­sy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ry­ny ama­la aşy­ryp, we­la­ýa­tyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gy­nyň bar­şy, ula­nyl­ýan gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri­niň gör­nüş­le­ri, bu ýer­de gu­rul­jak bi­na­la­ryň tas­la­ma­la­ry bi­len ta­nyş­dy hem-de ugur­daş eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ir säher bilen täze hä­zir­ki za­man şä­her­gur­lu­şyk tas­la­ma­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne gel­di. Bu ýerde, Gurbanguly Berdimuhamedowy Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry K.Ba­ba­ýew, Ahal we­la­ýa­ty­nyň mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy D.Ora­zow we Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi­niň şä­he­ri­niň hä­ki­mi Ş.Dur­dy­ly­ýew gar­şy­lap, gur­lu­şyk meý­dan­ça­syn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler.