Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Milli gymmatlyklarymyza belent sarpa
  25.10.2022
491
Milli gymmatlyklarymyza belent sarpa

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda milli ruhy-medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, olary wagyz etmek we geljekki nesillere ýetirmek üçin ähli zerur şertler döredilýär. Jemgyýeti ruhy taýdan ösdürmek, halkyň dünýägaraýşyny giňeltmek, ahlak sypatlaryny kemala getirmek, umumy medeniýeti, watançylyk düşünjesini ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Ýaşlarda watansöýüjilik duýgusynyň has-da pugtalanmagynda, milli ýörelgeleriň mynasyp dowam etdirilmeginde maşgala terbiýesine, maşgala gymmatlyklaryna uly orun degişlidir. Müňýyllyklaryň dowamynda sünnälenen, kämilleşdirilen halyçylyk, dutarçylyk, külalçylyk sungaty, bedewlerimiz hem-de tükmen alabaýy – nesillerimiz üçin gymmatly hazynadyr. Türkmen zenanlarynyň egsilmez zehin-yhlasyndan syzylyp çykan, ene-mamalarymyzyň asylly ýörelgelerini özünde jemläp, nesilden-nesle geçip, şu günlere ýeten milli gymmatlyklarymyzy, pederlerimizden miras galan däp-dessurlarymyzy, edim-gylymlarymyzy berjaý etmek, olary wagyz etmek, ýaşlarda zähmetsöýerligi, türkmençilige mahsus asylly häsiýetleri terbiýelemek Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň möhüm wezipeleriniň hatarynda durýar. Halkymyzyň ajaýyp däp-dessurlary milli gymmatlyklardan döräp, kämilleşip, sungat derejesine ýetirilipdir. Türkmen gözelliginiň, ruhubelentliginiň, şahandazlygynyň, milliliginiň iň owadan sypatlary däp-dessurlarymyzda, edim-gylymlarymyzda, milli ýörelgelerimizde jemlenendir. Türkmeniň nepis el işleriniň özeninde hem milli gymmatlyklarymyz durandyr. Gözelligiň, nepisligiň gaýtalanmajak nusgasy bolan halylarymyz indi diňe bir türkmen halkynyň däl, tutuş dünýäniň täsin hem ajaýyp sungaty, umumadamzat gymmatlygy hasap edilýär. Muňa türkmeniň küştdepdi tansynyň, halyçylyk sungatynyň, «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy hem aýdyň mysaldyr.

Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren ajaýyp kitaplarynda hem milli gymmatlyklarymyzyň, medeni mirasymyzyň köp öwüşginli belent beýany ussatlyk bilen açylyp görkezilýär. Bu ajaýyp hem gymmatly atalyk kitaplar milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda, geljekki nesillere ýetirmekde bahasyna ýetip bolmajak gollanmadyr.

Biz hem Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýüzüne ýaýmak, gorap saklamak we kämilleşdirmek babatda döredip berýän mümkinçiliklerine çäksiz alkyş aýdyp, döwlet ähmiýetli belent tutumlarynyň mundan beýläk hem rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

 

Bahar ÝUSUPOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň uly mugallymy,
institutyň Zenanlar guramasynyň başlygy.