logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Milli miras genji-hazynam
  30.11.2021
1244
Milli miras genji-hazynam

Berkrar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Ýurdumyzda we paýtagtymyz Aşgabatda gurlup ulanylmaga berilýän desgalaryň, ýaşaýyş binalarynyň sany gün-günden köpelýär. Olaryň hatarynda medeniýet ulgamyna degişli binagärlik taslamalarynyň bolmagy berkarar döwletimizde halkymyzyň gadymdan gelýän maddy we ruhy gymmatlyklaryna uly sarpa goýulýandygyny açyk görkezýär. Paýtagtymyzyň gözel künjeginde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň okuw binalaryny, medeniýet we sungat işgärleri üçin gurlan ýaşaýyş binalar toplumyny öz içine alýan özboluşly Medeniýet şäherçesiniň gurulmagy munuň aýdyň mysalydyr.

Ýurdumyzda medeni mirasymyza aýratyn sarpa goýulýar we ýaş nesliň şol ruhy gymmatlyklaryň esasynda terbiýelenmegi barada uly işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde medeniýet baradaky alada binagärlik-şähergurluşyk ulgamynda hem öz beýanyny tapýar. Diňe bir bina galdyrmak däl, eýsem, onuň daşky durkuna milli öwüşginleri çaýmak meselesine hem aýratyn üns berilýär. Şoňa görä-de, binagärlik-şähergurluşyk işlerinde nakgaşlar, heýkeltaraşlar, amaly-haşam sungatynyň ussatlary gurluşykçylar bilen deň derejede zähmet çekýärler. Eziz Diýarymyzda gurlan we gurulýan ýaşaýyş we edara binalary, teatrlaryň, muzeýleriň, kitaphanalaryň, medeni-dynç alyş merkezleriniň binalary bu aýdylanlaryň anyk subutnamasydyr.

Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistanda medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» kabul edildi. Bu resminama türkmen halkynyň maddy we ruhy gymmatlyklarynyň baýlaşdyrylmagyna, ösdürilmegine, ylmy taýdan öwrenilmegine esas döredýär.

Gadymy siwilizasiýanyň ojagy hasaplanýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bu gün dünýäde özüniň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen, ösen milli medeniýeti, kuwwatly ykdysadyýeti bilen tanalýar.