logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Milli mirasymyz-buýsanjymyz
  20.04.2020
915
Milli mirasymyz-buýsanjymyz

   Ýakynda Änew şäherindäki Türkmenistanyň Milli “Ak bugdaý” muzeýinde welaýat häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. Wagyz-nesihat maslahatyna welaýatyň edara-kärhanalaryň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdy.

   Maslahatda milli mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy öwrenmek we wagyz-nesihat etmek bilen baglanyşykly ünsi çekildi hem-de bu ugurda welaýatda giň gerimde alnyp barylýan işleriň ähmiýeti barada durlup geçildi. Onda çykyş edenler  ýaşlarymyzda şöhratly geçmişimize, häzirki bagtyýar durmuşymyza we nurana geljegimize belent buýsanjy kemala getirmekde yzygiderli geçirilýän wagyz-nesihat maslahatlarynyň  ähmiýetiniň uludygyny guwanç bilen nygtadylar, şeýle-de milli ýol-ýörelgelere, däp-dessurlarymyza eýermek boýunça gymmatly öwüt-ündew etdiler.

   Maslahat tamamlanandan soňra, oňa gatnaşanlar muzeýiň eýwanynda guralan ýörite sergi bilen tanyşdylar. Sergide el hünärine degişli nepis işleriň nusgalary, sowgatlyk haly önümleri görkezildi.