logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /Milli mirasymyza goýulýan belent sarpa!
  10.02.2023
1522
Milli mirasymyza goýulýan belent sarpa!

Ýakynda, Ahal welaýat häkimliginiň iş meýilnamasy esasynda Tejen etrap Medeniýet öýünde Garaşsyz hemişelik Bitarap ýurdumyza buýsanjymyzdan, ata-babalarymyzdan gelýän milli mirasymyza goýulýan belent sarpadan ugur alyp milli senetçiligimize, milli mirasymyza bagyşlap sergi gurnaldy.

Bu sergide milli el işleriniň, keşde çekilişi, alaja örülişi, keçäniň taýýarlanylyşy, gamyşyň dokalyşy hem-de onuň ulanylyşy, dutar ussasynyň işleri, gerekli enjamlary, gurallary we olaryň taryhy barada giňden beýan edildi.

Bu sergide Tejen etrabynyň Täze oba geňeşliginiň ýaşaýjysy dutar ussasy Aýmämmet Nurmyradowyň dutarçylyk senedi barada taýýarlan sergisi has-da özüne çekiji boldy. Ol dutaryň taryhy, onuň ýasalyşy hem-de dutar ýasalanda gerekli bolan enjamlar we olaryň ulanylyşy barada sergä gatnaşanlara giňişleýin gürrüň berdi.

Serginiň dowamynda etrabyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa edildi. Olar öz çykyşlarynda milli mirasymyzy açyp görkezmekde we ony dünýä ýaýmakda uly mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik, döwletli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.  

 

Gulmuhammet SÄHEDOW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap
birleşmesiniň başlygy.