logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Sports /Milli sport oýunlarynyň ussatlary
  18.04.2020
860
Milli sport oýunlarynyň ussatlary

   Änew şäherindäki  sport mekdebinde  Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan yglan edilen Milli sport oýunlarynyň XXI spartakiadasynyň Ahal welaýat tapgyry geçirildi.  “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylynyň dabaralaryna baý öwüşgin goşan nobatdaky spartakiada özboluşly sport baýramçylygyna öwrüldi.  Oňa welaýatymyzyň şäherdir etraplaryndan ýerli tapgyrlarda ýeňiji bolan ildeşlerimiz gatnaşdy.

   Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni, sport-sagaldyş hereketini ösdürmek, zähmetkeşleriň zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanmak we olary sporta köpçülikleýin çekmek, güýçli türgenleri welaýatyň sport toparlarynyň düzümine çekmek maksady bilen geçirilen ýaryşlar uly gyzyklanma eýe boldy. Degişli düzgünnama laýyklykda, giň göwrümli ýaryşlar  sportuň milli göreş, düzzüm, küşt we ýaglyga towusmak ýaly  görnüşlerini öz içine aldy.  

   Milli göreş görnüşi boýunça geçirilen tutluşyklar has-da çekeleşikli boldy. Welaýatyň dürli ýerinden gelen pälwanlar agram derejeleriň onusy boýunça güýç synanyşdylar.  48; 52; 57; 62; 68; 74; 82; 90; 100 kilogram agram derejelerinde, şeýle-de 100 kilogramdan ýokary agramda  geçirilen tutluşyklaryň netijesinde Ak bugdaý etrabynyň pälwanlary toparlaýyn hasapda birinji orny eýelemegi başardylar.

   Düzzüm boýunça geçirilen duşuşyklara her topardan  üç oýunçy gatnaşyp, onuň netijesinde erkekleriň arasynda Tejen etrabyndan  A.Garahanow birinji, Babadaýhan etrabyndan H.Hommyýew ikinji, şol etrapdan A.Hudaýnazarow üçünji, zenanlaryň arasynda G.Hydyrowa birinji, A.Ataýewa ikinji, B.Orazowa üçünji orna mynasyp boldular. Küşt ýaryşynyň netijesinde erkekleriň arasynda Gökdepe etrabyndan Ý.Baýramgeldiýew, Babadaýhan etrabyndan A.Atajaýew, Gökdepe etrabyndan T.Rejebow degişlilikde birinji, ikinji, üçünji orunlary eýelediler. Zenanlaryň arasynda bolsa, Bäherden etrabyndan Hurma Weliýewa birinji, Kaka etrabyndan Tawus Baýramsähedowa ikinji, Ak bugdaý etrabyndan Gözel Öwezowa üçünji orna mynasyp boldular. Ýaglyga towusmak ýaryşy hem gyzykly geçip, onda Gökdepe etrabyndan G.Kertikow, Tejen şäherinden A.Ýagşymyradow, Kaka etrabyndan G.Hallyýew dagy baýrakly orunlaryň eýesi boldular.

   Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi hem-de  welaýatyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi tarapyndan ýokary guramaçylyk derejesinde geçen ýaryşlaryň ýeňijilerine  hormat hatlary, şeýle-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.