logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /Milli sungatymyzy dünýä tanaýar!
  27.02.2023
727
Milli sungatymyzy dünýä tanaýar!

Arkadagly Serdarymyzyň başlangyjy bilen milli sungatymyz bolan «Küştdepdi» ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu baradaky çözgüt 2017-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Çeju şäherinde (Koreýa Respublikasy) geçirilen Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça hökümetara komitetiniň 12-nji mejlisinde biragyzdan kabul edildi. Bu çözgüt umumadamzat medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan türkmen halkynyň milli medeniýetiniň ägirt uly ähmiýetiniň ykrarnamasydyr.

Halkymyzyň milli edim-gylymlarynyň, ynanç-ygtykatlarynyň ençemesini özünde jemleýän küştdepdi özüneçekijiligi, owadanlygy, dürli öwüşginleri bilen adamzat kowmunyň iň söýgüli tansyna öwrüldi. Küştdepdi tansyny berdaşly ýigitlerem, juwan gyzlaram, gojalaram, kümüş saçly enelerem ýerine ýetirýärler. Bu tans adamyň bedenini berkidip, şähdini açýan, bedene egsilmeýän güýç berip, ähli alada-ünjiňi ýele sowurýan sungatdyr.

Küştdepdi tansy hereketleriň sazlaşygy esasynda ýerine ýetiriliş aýratynlygy bilen has tapawutlydyr. Küştdepdi toýlara aýratyn ýaraşyk berýän sungat. Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Küştdepdiniň hereketlerinde, gazalynda, heňiniň dürli öwüşginlerinde halkymyzyň baý taryhy we gatbar-gatbar pelsepe dünýäsi birin-birin açylyp görkezilýär» diýip, bu ajaýyp sungata ýokary baha berýär.

Agzybirligi, dost-doganlygy hemişelik ýörelgä öwren türkmen halkymyz hormatly Prezidentimiziň saýasynda, goý, hemişe küşt depip, gazal çekip, täze belentliklere tarap öňe gitsin! 

 

Kerim ANNAGULYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.