Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Buýan ösümliginiň dermanlyk häsiýeti ✦ ✦ Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyry ✦ ✦ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦ ✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Mary welaýatynyň gaz pudagy 2026-njy ýyly ýokary önümçilik netijeleri bilen başlady ✦ ✦ Bank we söwda ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagy dowam edýär ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Milli terbiýe we ene diliniň gymmaty
  18.03.2025
882
Milli terbiýe we ene diliniň gymmaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň ýaş nesli milli ruhda, beden taýdan sagdyn, zehinli we bilimli edip ýetişdirmek däpleri üstünlikli dowam etdirilýär. Asyrlaryň dowamynda kämilleşen çaga terbiýesi kadalary Oguzhan döwründe kemala gelip, türkmen halkynyň milli ruhy mirasy bilen berk baglanyşyklydyr. Häzirki zaman türkmen jemgyýetinde ýaş nesilleriň milli terbiýe almagy olaryň medeni mirasymyza we ene dilimize hormat goýmagyna itergi berýär.

 

Ýaşlaryň geljekde edepli, ynsanperwer, zähmetsöýer we ilhalar bolup kemala gelmegi ýurdumyzyň durnukly ösüşi bilen gönüden-göni baglydyr. Halkymyzyň «Terbiýäniň ýagşysy göreldedir, görelde bolsa söz bilen hereketiň birligidir» diýen pähimi hem hut şu hakykaty tassyklaýar. Pederlerimiz durmuş tejribelerine esaslanyp, terbiýäniň esasan görelde arkaly berilýändigini nygtap, «Atadan gören söwüş eder, eneden gören supra ýaýar» diýen nakyly döredipdirler. Nesilden-nesle geçirilip gelnen edep-terbiýe ýörelgeleri ýaşlaryň ruhy we ahlak taýdan kemala gelmegine hyzmat edipdir.

 

Terbiýäniň möhüm ugurlarynyň biri-de medeniýetli sözleýişdir. Ata-babalarymyz nakyllaryň, halk döredijilik eserleriniň üsti bilen ýaşlaryň söz baýlygyny artdyrypdyrlar. Sebäbi adamyň sözleýşi onuň edebini, adamkärçiligini we sowatlylygyny görkezýär. Şonuň üçin ene dili diňe bir pikir alyşmagyň serişdesi bolman, eýsem, ahlak terbiýesiniň hem möhüm bölegi bolup durýar. Çagalykdan ene diline söýgi döretmek nesillerimiziň şahsyýet bolup kemala gelmeginde möhüm ähmiýete eýedir. «Edep başy – dil» diýen pähim hem hut şuňa şaýatlyk edýär.

 

Taryh boýunça akyldarlar sözleýiş medeniýetine we sözleriň manysyna uly ähmiýet beripdirler. Mysal üçin, «Kowusnama» eserinde: «Danalaryň nesihatlaryna gulak asmak, akylyň gözüni ýiteldýär» diýlip bellenilýär. Bu pähimli sözlerden görnüşi ýaly, paýhasly sözleri diňlemek we özleşdirmek ynsanyň ruhy kämilligine täsir edýär. Şonuň üçin türkmen halky «Paýhasly söz bakydyr», «Dilim bar – dünýäm bar», «Sözi paýhas bezär», «Ýola çyksaň, diliňi gora» ýaly nakyllary döredipdir.

 

Ene dilimiziň ösmegi we ýaş nesilleriň kämil bilim almagy ugrunda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Nurjahan BABAÝEWA,

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň
16-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.