logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /Milli ykdysadyýet - döwrebaplygyň binýady
  25.04.2024
637
Milli ykdysadyýet - döwrebaplygyň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli ulgamlary halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli gymmatlyklaryna, asylly ýörelgelerine esaslanyp, häzirki zaman dünýä ölçeglerine laýyklykda toplumlaýyn ösdürilýär. Her bir halkyň bagtyýar hem bolelin durmuşda ýaşamagy üçin, ilkinji nobatda döwletiň kuwwatly ykdysadyýetiniň bolmagy zerur hasaplanylýar. Abadan ýurdumyzda ykdysady ulgamyň has-da kuwwatlanmagy üçin erkin bazar mümkinçiliklerini artdyrmaga uly üns berilýär. Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürip, sanly ykdysadyýeti kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Häzirki döwrüň yzygiderli ösýän talaplaryndan ugur alnyp önümçilige innowasion işläp taýýarlamalar giňden ornaşdyrylýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda düýpli ösüşleriň gazanylmagyna giň şertleri emele getirýär.

 

Döwlet durmuşynyň ugurlaryna innowasiýalaryň doly ornaşmagy, sanly ulgama geçilmegi bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha pugtalanyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan bu maksatlar agzybir halkymyzyň abadan durmuşynyň, röwşen geljeginiň üpjün edilmegine gönükdirilendir.

 

Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlaryň sanyny köpeltmek, elektron senagaty ýola goýmak boýunça maksatnamalar netijeli alnyp barylýar. Bu babatda türkmen telekeçileri döwletiň azyk garaşsyzlygynyň pugtalandyrylmagyna özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar.

 

Güljeren ANNAGELDIÝEWA,
Türkmen Döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň menejment fakultetiniň
1-nji ýyl talyby.