Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Samarkantda medeni çäreler geçirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk - maglumat goraglylygyň binýady ✦ ✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Milli ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm ugurlary
  10.03.2023
590
Milli ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm ugurlary

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň ösen senagaty we ähli ulgamlary Türkmenistan Watanymyzy kuwwatly döwlet hökmünde dünýä tanadýar. Şoňa görä-de, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» pudaklaryň önümçilik kuwwatynyň mundan beýläk-de artdyrylmagyna gönükdirilen iri taslamalaryň amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar. Soňky ýyllarda sanly ulgam ykdysadyýetimiziň ösmegini we innowasion häsiýete eýe bolmagyny güýçlendirip, IT ugurly hünärmenleriň taýýarlanylmagyna we täze iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilikleri berýär. Häzirki zaman şertlerinde ykdysady taýdan güýçli ösen döwletde ylmyň esasy orny eýeleýändigi aýdyň hakykatdyr. Bu bolsa ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gidilmelidigini, täze ylmy açyşlaryň önümçilige çalt we netijeli ornaşdyrylmalydygyny, innowasion ykdysadyýeti kemala getirmäge döwlet derejesinde aýratyn uly üns berilmelidigini şertlendirýär. Sanly ykdysadyýet ulgamy pudaklarda sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy, internet torlary, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny, kompýuterleri we beýleki gurluşlary peýdalanmak, işewürligiň giň görnüşleri, elektron meýdançalary, aragatnaşyk portallary we beýlekileri ulanmak diýmekdir. Bu ugur arkaly halk hojalygynyň işleriniň netijeliligi ýokarlanyp, özara gatnaşyklar ýygjamlaşýar, bazar ykdysadyýeti şertlerinde esasy gymmatlyk saýylýan wagt tygşytlanýar. Bazar gatnaşyklarynyň möhüm şerti bolan meýilnamalary takyk we tiz ýerine ýetirmek mümkinçiligi ýokarlanýar, elektron resminamalaryň elýeterliligi, dürli amallary islendik ýerden amala aşyrmak mümkinçilikleri artyp, olaryň goraglylygy gazanylýar. Diýmek, sanly ykdysadyýeti ösdürmek konsepsiýasy häzirki zaman dünýä ösüşiniň möhüm şertleriniň hataryna degişlidir. Şoňa görä-de, ýurdumyzda bu ugurda netijeli tagallalar üstünlikli amala aşyrylýar. Geçen gysga döwürde dürli pudaklarda sanly ykdysadyýet üçin binýatlyk işler üstünlikli durmuşa geçirildi. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysadyýetine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça işleriň geriminiň giňeldilmegine mümkinçilik berýär. Şunda ylmyň hem tehnikanyň ýokary depginde ösmegini üpjün etmegiň möhüm şertleriniň biri hem ýokary hünärli, hemmetaraplaýyn bilimli hünärmenleriň ýeterlik derejede bolmagydyr. Şunuň bilen baglylykda, innowasiýalary, öňdebaryjy tehnologiýalary we tejribäni ugur edinýän milli bilim we ylym ulgamyny kämilleşdirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, ony ösüşiň dünýä derejesine çykarmak babatda bitirilen beýik işler aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Ykdysadyýeti ösdürmek ýurduň okgunly öňe gitmeginde esasy şertleriň biridir. Şunda bazar gatnaşyklary möhüm orny eýeleýär. Sebäbi olar öňde durýan möhüm ykdysady meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda durmuşa ukyplylygy we netijeliligi bilen tapawutlanýar. Ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryny, öňdebaryjy tejribeleri önümçilige ornaşdyrmakda hususy ulgam giň mümkinçiliklere eýedir. Munuň özi ýokary öndürijilikli önümçilik pudaklarynyň binýadyny berkitmek bilen birlikde, jemgyýetiň isleglerini kanagatlandyrmagy üpjün edýär. Ýurduň ykdysady özgertmeleriniň baş maksady hem şundan ybaratdyr. 

 

Ogulgerek ATAŞEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň
2-nji ýyl talyby.