logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /Milli ykdysadyýetimiziň rowana gadamlary
  08.12.2022
727
Milli ykdysadyýetimiziň rowana gadamlary

Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň öňünde goýýan strategiki wezipelerini ýerine ýetirmekde netijeli işleriň ençemesi alnyp barylýar. Ýurdumyzda ýola goýulýan ykdysady syýasatynyň çäklerinde onuň degişli gurallaryny sazlaşykly ulanmak arkaly ykdysadyýetimiziň depginli ösüşi we makroykdysady ösüş üpjün edilýär. Kiçi we orta telekeçiler tarapyndan amala aşyrylýan taslamalary maliýeleşdirmek hem-de ýurdumyzda pul dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, bank kartlary boýunça milli we halkara töleg ulgamynyň gerimini giňeltmek hem-de halkara tejribesiniň öňdebaryjy tilsimatlaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary, täze bank hyzmatlaryny ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy ykdysady düzümleriň ählisiň sanly ulgama geçmegini şertlendirdi. Bu pudakda ulanylýan sanly tehnologiýalaryň döredýän amatlyklaryndan, mümkinçiliklerinden peýdalanmak bilen halkara tejribesiniň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagy netijesinde ykdysady işjeňligi ýokarlandyrmak boýunça sanly ykdysadyýete geçmäge degişli işleri alyp barmaklyk dowam etdirilýär. Türkmenistanda sanly ykdysadyýetiň kemala gelmegi jemgyýetçilik durmuşynda we maliýe işinde maglumat we sanly serişdeleriň ähmiýetiniň güýçlenmegi bilen häsiýetlendirilýär. Munuň esasy sebäbini ykdysadyýetiň sanly görnüşinde jemlenen mümkinçilikleriniň diňe bir ykdysady ösüşi üpjün etmekde däl, eýsem, ynsan durmuşynyň hem özgermegine getirýändigi bilen düşündirip bolar. Ykdysadyýetiň ösdürilmeginde bazar özgertmelerini yzygider geçirmek, tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuşy, jan saglygy, howpsuz ýaşaýşy üçin amatly şertleri döretmek babatda alnyp barylýan özgertmeleriň esasy maksady Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe, halky bilen Watandyr, döwlet diňe, halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesinde öz mynasyp beýanyny tapýar we göwünleri buýsanja besleýär.

Milli ykdysadyýetiniň ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän, halkymyzyň hal-ýagdaýyny barha gowulandyrmakda uly işleri alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, alyp barýan beýik işleri diňe rowaçlyklara beslensin! 

 

Döwran BAÝRAMOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.