logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Milli ýörelge – ýagşy görelde
  17.08.2022
888
Milli ýörelge – ýagşy görelde

Ynsany bezeýän ajaýyp häsiýetleriň biri onuň edebidir. Edep-ekram hakynda söz açanymyzda, ilki bilen, Aý ýüzli, şirin sözli zenanlarymyz göz öňüne gelýär. Türkmen zenanlarynyň ajaýyp keşbi asyrlarboýy halkymyzyň aýawly garaýan mukaddesligi bolup gelipdir. Olar taryhyň ähli döwürlerinde-de özleriniň asyllylygy, mähribanlygy, maşgalasyna wepalylygy, eliniň çeperligi bilen saýlanypdyrlar. Olar gerek ýerinde erkekler bilen deň durup, ata Watany, ene topragy, milletiň ar-namysyny goramakda gaýduwsyzlyk görkezipdirler.

 

 

Gyz maşgalanyň eliniň işli bolmagy durmuş zerurlygydyr. Aýal-gyzlar diňe keşdedir gaýma däl, islendik işe werziş bolmalydyr. Halkymyzda: «Aýal — öýüň binasy» diýlen bir aýtgy bar. Şunuň asyl manysy edep-terbiýäniň, göreldäniň gözbaşy bolan aýal maşgalanyň hojalygy bina ýaly dikleýändigi bilen baglydyr.

 

 

Edep-terbiýe babatynda geleňsizlige ýol berilmeli däldir. Maşgala mukaddes hasaplanýar. Şonuň üçin maşgalada önüp-ösen oglan we gyz perzentler şol mukaddeslige şek ýetirmeli däl, gaýta ojagyň abraý-mertebesini belende galdyrmaly. «Pylanyň gyzy, pylanyň ogly» diýip, özüni gowulykda tanatmagy başarmaly. Oglanlara «Il ogly bolup ýetiş», gyzlara bolsa “Abraýly gyz bolup ýetiş» diýilýändir. Ana, şeýle perzentler ene-atanyň buýsanjyna öwrülýär.

 

 

Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda «Türkmenistanda zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän orny demokratiýanyň ählumumy ýörelgeleriniň halkymyzyň milli ruhy däpleri bilen sazlaşykly ösüşinde kemala gelýär» diýip belleýär. Döwlet tarapyndan döredilip berilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanýan türkmen zenanlary dünýäniň okgunly ösýän döwründe asyrlaryň synagyndan geçip, durmuşda orun alan milli ýörelgeleri mynasyp dowam etdirýärler, döwrebap öwüşginler bilen ösdürip, geljekki nesillere miras goýmaga goşant goşýarlar.