logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /Milli zergärçilik sungaty bilen tanyşyldy
  21.06.2025
697
Milli zergärçilik sungaty bilen tanyşyldy

2025-nji ýylyň 14-nji iýunynda “Balkan Trip TV” teleýaýlymynda görkezmek hem-de Türkmenistanyň baý medeni mirasyna, ajaýyp tebigatyna we gözel ýerlerine bagyşlanan filmi surata düşürmek üçin, Russiýa Federasiýasynyň Кинокомпания “Вечный зов” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň döredijilik toparynyň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik  akademiýasyna geldiler. Türkmen zergärçilik sungatynyň çeper  aýratynlyklary, ýasalyş usuly, dürli gaşlaryň ulanylyşy, ulanylýan gurallary hem-de serişdeleri barada sungat ojagymyzyň muzeýinde söhbetdeşlik geçirilip, zergärçilik sungaty üçin niýetlenen okuw otagynda bolsa, iş pursady ýazgy  edildi. Şeýlelikde, “gülýaka”, “tumar”, “bilezik” we beýleki milli şaý-sepleriniň görnüşleri barada myhmanlara giňişleýin gürrüň berildi. 

Tawus Garajaýewa
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň uly ylmy işgäri