logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /Millilik ― nesil terbiýesiniň özenidir
  25.03.2023
1396
Millilik ― nesil terbiýesiniň özenidir

Ata-babalarymyzyň miras goýan milli däp-dessurlary biziň her birimizi buýsandyrýar. Şolaryň biri hem millilikdir. Millilik türkmeniň ganyna siňen iň gymmatly mirasdyr. Häzirki döwürde gyz-gelinleriň milli geýinmek medeniýetine aýratyn uly üns berilýär. Ýakasydyr ýeňleri el işleri bilen bejerilen ýanly köýnekleri geýýän her bir zenan, diýseň, asylly, salyhatly, sypaýy görünýär. Saçlary iki örülen başlary tahýaly gyzlary synlanyňda guwanmazlyk, asla, mümkin däl. Pederlerimiziň: «Gyz edebi — il edebi», «Gyz gylygyndan belli» diýşi ýaly, gelin-gyzlarymyza mahsus häsiýetler millilik bilen sazlaşyp, gözellige beslenip türkmeniň buýsanjyna öwrülýär.

Aslynda, türkmen zenanynyň özge döwletleriň zenanlaryna meňzemeýän aýratynlyklary bar. Edep-ekramy, arassa ahlaklylygy, tebigy gözelligi, milli şaý-sepleri, geýnişi bilen göreni haýrana goýýan gyz-gelinleriň tarypyny diňe bir bagşy ýa-da şahyr däl, eýsem, her bir ynsan wasp eder.

Gyz-gelinli öýlerde, ýa-da bolmasa, toý-tomaşalarda ýeňi, ýakasy el işleri bilen bejerilen, ýanly biçüwdäki köýnekleri geýýän zenanlar gözegelüwli bolýar. Gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň hünärinden döreýän millilige hemmeleriň gözi gidýär. Çünki, millilik türkmen zenanynyň görküne görk, gözelligine gözellik goşýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda milli geýinmek medeniýeti has-da ösdürilýär. Zenanlara goýulýan hormat-sarpanyň belende göterilýän ýurdunda ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyz, edim-gylymlarymyz, ýol-ýörelgelerimiz barha dabaralanýar. 

 

Çynar BEGLIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.