logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk — türkmen halkynyň synmaz ýoly ✦ ✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Millionlarça janköýer gözýaşlaryny saklap bilmedi. Pele soňky ýoluna ugradyldy!
  03.01.2023
1228
Millionlarça janköýer gözýaşlaryny saklap bilmedi. Pele soňky ýoluna ugradyldy!

Mälim bolşy ýaly, golaýda futbolyň şasy Pele bejergi alýan Albert Einşteýn hassahanasynda 82 ýaşynda aradan çykdy. Ol bir ýyldan gowrak wagt bäri içegäniň düwnük keselinden bejergi alýardy. Lukmanlaryň soňky bejergisine garamazdan, Braziliýanyň ady rowaýata öwrülen futbolçusy Pele, ýaşaýşa gözlerini ýumdy.

Meşhur futbolçy üçin «Vila Belmiro» stadionynda Peläni soňky ýoluna ugradyş çäresi gurnaldy. Millionlarça janköýerler meşhur futbolçyny soňky gezek görmek üçin stadiona ýygnandylar. Stadionda bu ýere gelýänler üçin Peläniň ýörite muzeýi taýynlandy.