logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Health /Mindal agajy
  21.05.2022
1820
Mindal agajy

        Mindal  ýagtylygy we ýylylygy söýýän miweli baglara degişli bolup, sort aýratynlygyna baglylykda agaç we gyrymsy agaç görnüşinde ösýär.Agajyň beýikligi 4-6 metrden 10 metre çenli ösüp bilýär.Onuň ösen kök ulgamy bar.Şol sebäpli mindal agajy gurakçylyga çydamlydyr. Mindal agajy tohum we baldaklary arkaly köpeldilýär. Ekilenden 4-5 ýyldan soň miwe berip başlaýar we 50 ýyla çenli kadaly hasyl berýär. Bu agaç uzak ýaşaýan agaçlara degişlidir.Adam olaryň daşky gabarasyna,uzak ömürliligine,hasyla durmagyna düýli täsir edip bilýär.Ideg işleri we kesmek,timarlamak işleri talabalaýyk geçirilende,130-200 ýyla çenli ýaşaýşyny dowam etdirip bilýär.
    Mindal agajynyň gülgüne,gyzyl ýa-da ak reňkli gülleri bar. Onuň gülleri ýazda,mart-aprel aýlarynda,howanyň ýyly gelýän ýyllarynda has ir, fewral aýynda hem gülleýär.Howanyň ýylylygy 12 0 C-dan pes bolsa onuň gülleme döwri haýal geçýär.Tomus aýlarynda ýagny,iýun-iýul aýlarynda ilkinji miweleri bişip başlaýar.Miwesi gury şänikden emele gelýär.Iýmit ähmiýetli bölegi tohumy hasaplanýar.Ol maňyz diýip atlandyrylýar.Maňyzyň daşy agaçlaşan tohum gabygy ýa-da ekzokarpiý bilen örtülendir.  Mindal agajynyň miwesi adam saglygyna örän peýdaly bolup, mindalyň düzüminde magniý,fosfor,kalsiý,B1,B2,B3,B5,B6,B9 şeýle hem E witaminler saklanýar. Lukmançylykda ukusyzlygy, ýürek-damar kesellerini, ysgynsyzlyga,ganazlyga,migreni, demgysmany bejermek üçin ulanylýar. Mindal mundan başga-da dürli maksatlar üçin ulanylýar. Mysal üçin,dünýä döwletlerinde Hytaýda, Indoneziýada etli tagamlar,dürli işdäaçarlar taýýarlanylanda hem goşulýar. Köp süýjülik önümler mindaldan taýýarlanylýar.Ispaniýada içgileri taýýarlamakda hem peýdalanylýar. Ol taýýarlanylýan tagamlara üýtgeşik lezzet berýär.

 

Amangül SEÝITMUHAMMEDOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby