logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /Minnetdar nesilleriň hakydasynda
  07.05.2020
1026
Minnetdar nesilleriň hakydasynda

       Babaýhan etrabynyň medeniýet bölüminde uruş weteranlaryna, urşa gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlaryna hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlara 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňişiň 75 ýyllygyna atly ýubileý medalynyň gowşurylyş dabarasy ýatdan çykmajak täsirlere beslendi. Etrapdan şol uruşda gazanylan şöhratly Ýeňşe asylly goşandyny goşanlar bu günki baýramçylyk çäresiniň arzyly myhmanlary boldular. Etrap häkimligi, harby wekilligi, TDP-niň etrap komiteti  we beýleki jemgyýetçilik guramalary tarapyndan Ýeňiş toýunyň şanyna guralan dabara etrabyň zähmet toparlarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşlaryň uly topary gatnaşdylar.

       Baýramçylyk dabarasynyň açylyşynda gutlag sözleri çykyş edenler ýygnananlary, olaryň üsti bilen etrabyň ähli halkyna, aýratyn-da uruş we zähmet weteranlaryny ýetip gelýän Ýeňiş gününiň şanly 75 ýyllyk toýy bilen mährili mübäreklediler, Olaryň uruş döwründe ar-namys ugrunda söweş meýdanlarynda we tylda görkezen gahrymançylygy hakynda durup geçdiler.

     Sylaglara we sowgatlara mynasyp bolan uruş we zähmet weteranlary özlerine edilen sylag-sarpa üçin Gahryman Arkadagymyzyň adyna ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

      Şol gün 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeşiň şanyna guralan baýramçylyk dabarasy etrabyň “Täze  ýol” obasyndaky Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän muzeýde dowam etdi. Muzeýde guralan gezelenje örän köp adam gatnaşdy.Ýaşuly nesilleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçen gezelenç baý mazmuna eýe boldy. Weteranlaryň halkymyzyň söweş meýdanlarynda we tylda görkezilen edermenlikleri hakyndaky ýatlamalary ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi. Ýatdan çykmajak gürrüňler  berdiler.

       Aýratyn-da hormatly Prezidentimiziň atasy, mugallym esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň tylda we söweşde görkezen edermenlikleri hakyndaky ýatlamalarda özüne çekiji boldy. Gezelenje baranlar ilhalar bilim işgäriniň saldyran, soňra muzeýe öwrülen mekdep jaýynyň sany otaglaryny uly höwes bilen synladylar. Esasan-da mekdep müdiri Berdimuhamet Annaýewiň iş otagy bilen tanyşlyk köplerde uly gyzyklanma döretdi.